Türkmenbaşy şäherindäki täze açylan köpugurly hassahanada dowam edýän korrupsiýa barada, Azatlyk Radiosynyň habarlaryndan soň, ol ýere Aşgabatdan ýörite derňew topary iberildi.Birnäçe jogapkär adamyň, şol sanda bir aý mundan ozal açylan hassahananyň baş lukmanynyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady.
Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana 15-nji aprelde, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, dabaraly ýagdaýda açylypdy.Iki hepdeden soň, Azatlyk saglyk işgärleriniň we täze hassahananyň baş lukmanynyň işe ýerleşmek isleýän medisina işgärlerinden, ýüzlerçe müň manat para alýandyklary barada habar berdi.
Balkan welaýatyndaky köpugurly hassahanada uly göwrümli barlag işiniň başlanandygyny 14-nji maýda, biziň habarçymyz aýdypdy. Şäher häkimligindäki öz çeşmesine salgylanýan habarçymyzyň aýtmagyna görä, Aşgabatdan ýörite derňew toparynyň gelmegine parahorluk barada, Azatlyk Radiosynyň beren maglumaty sebäp bolupdyr.
“Türkmenbaşy şäher häkimliginde doktorlary we şepagat uýalaryny işe almakda para alynýandygy hakda, daşary ýurt metbugatynda ýaýran habarlara prezident administrasiýasynyň gaharlydygy barada gürrüň bolupdyr.Hassahanany açmak üçin Serdaryň (prezident Berdimuhamedow red.) hut özüniň gelendigine we munuň bolsa prezident hökmünde onuň ilkinji gatnaşan çäresidigine ünsi çekýärler.
Sebäbi ol obýektiň ýolbaşçylary saýlanyp-seçilip alynýar.Dalaşgärler, adatça bolşy ýaly, Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan tassyklanýar.Tahyr Annataganow ol ýere fewral aýynda baş lukman hökmünde tassyklandy.Ondan öň şäher hassahanasynyň baş lukmanydy. 2015-nji ýylda ol "Hormatly lukman", 2020-nji ýylda bolsa "Halk lukmany" adyny aldy diýip, habarçymyz çeşmäniň sözüne salgylanýar.
Çeşme derňew toparynyň Baş prokuraturanyň we Ýokary gözegçilik palatasynyň işgärlerinden ybaratdygyny hem sözüne goşýar.
Ýatlatsak, täze köpugurly hassahana şu ýylyň 15-nji aprelinde, prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, ony dabaraly ýagdaýda açylypdy. Şondan bary-ýogy iki hepdeden soň, biziň habarçymyz täze lukmançylyk edarasynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolanynda, hassahana işe ýerleşmek üçin, edaranyň ýolbaşçylarynyň uly möçberde para alandyklaryndan nägilelik bildirdi.
"Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlan 20 töweregi ýaş lukmanyň her biri hassahana işe girmek üçin, 200 müň manat para berdi.Olaryň ählisi welaýatymyzyň dürli etraplaryndan gelen ýaş lukmanlardyr. Şeýle-de, lukmançylyk mekdeplerini tamamlan ýaş şepagat uýalarynyň 34 sanysy bu hassahana işe girmek üçin, 100 müň manat para berdi" diýip, saglyk pudagyndaky çeşme 29-njy aprelde Azatlyga mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, hassahananyň administratiw bölümine işe ýerleşmek isleýänlerden, 40 müň manat para talap edilipdir.
Şeýle uly möçberdäki para hatda dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistan üçin hem geňdigini, sebit derejesinde lukmançylyk edarasynda işe ýerleşmekdäki öň görlüp-eşidilmedik zatdygyny bellemelidiris.
Azatlygyň redaksiýasy derňew çäreleri barada goşmaça maglumat ýygnaýarka, täze açylan köpugurly hassahananyň baş lukmany Tahyr Annataganowyň tussag edilendigi hakda habarlar peýda boldy. Bu barada 19-njy maýda garaşsyz neşir turkmen.news habar berdi.
“Ol bar zat üçin para alýardy bejergi üçinem, hirurgiýa çäresinde-de, işe ýerleşmek ählisine para bermeli. Pulsuz hatda keselhana-da salmazlar. Sen ölýänem bolsaň, pul bermeseň hiç bir medisina hyzmaty edilmeýär” diýip, turkmen.news öz çeşmelerinden biriniň sözüni getirýär. Neşir Annataganowyň tussag edilmeginiň birnäçe çeşme tarapyndan tassyklanandygyny aýdyňlaşdyrýar.
Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada, gürrüňi edilýän hassahana bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady. Emma şäherdäki beýleki bir lukmançylyk merkezinden bolan çeşme 21-nji maýda geçirilen telefon söhbetdeşliginde, bu maglumatlary tassyklady.
"Annataganow we hassahananyň beýleki birnäçe jogapkär işgärleri, şäher saglyk bölüminiň işgäri tussag edildi we eýýäm Aşgabat şäherine äkidildi" diýip, çeşme aýtdy.
Türkmenistanyň ähli pudagynda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny, tam süpüriji ýa-da ýokary wezipeli ýeri almak üçin, raýatlaryň para bermeli bolýandyklaryny Azatlygyň habarçylary hem-de garaşsyz neşirler köp ýyl bäri habar berýärler.
“Transparency International” guramasynyň 2021-nji ýyldaky korrupsiýa garaýyş indeksinde, Türkmenistan 180 ýurduň arasynda, 169-njy orny eýeledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.