Bu resmi habardan birnäçe sagat öň, Azatlyk Radiosy Berdimuhamedowyň Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi Wolodymyr Zelenskiýni bu ýokary derejeli wezipä saýlanmagy mynasybetli heniz gutlamandygy barada maglumat çap edipdi. 21-nji aprelde Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda telewideniýe wäşisi Wolodymyr Zelenskiý umumy sesleriň 73 göteriminden gowragyny alyp, uly ýeňiş gazanypdy.
Zelenskiýniň gazanan ýeňşiniň yzýany ösen ýurtlaryň liderleri, şeýle-de käbir öňki sowet giňişligine girýän ýurtlaryň prezidentleri, şolaryň hatarynda Merkezi Aziýaly prezidentler täze ukrain prezidentini resmi derejede gutlapdy.Emma türkmen lideri bu ýagdaý boýunça çarşenbe gününe çenli dymyşlygy saklady; bu barada Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdelerinde hem maglumat berilmedi.
Berdimuhamedowyň gutlagy çarşenbe güni “Türkmenistan Altyn Asyr” resmi websaýtynda çap edildi.Belläp geçsek, bu ýerde başga-da ünsi çekýän bir ýagdaý bar.Adatça, Berdimuhamedowyň daşary döwletli kärdeşlerine ýollaýan gutlaglary we gynançlary resmi türkmen saýtynyň çep burçundaky sütüninde çap edilýärdi; Zelenskiýe bagyşlanan gutlag bolsa, saýtyň “baş/esasy makalasy” hökmünde ýerleşdirildi.
Berdimuhamedow öz gutlagynda iki ýurduň “arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň iki halkyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigini” belledi. Şeýle-de, Berdimuhamedow Zelenskiýe “berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, ösüşiň hem-de Ukrainanyň dostlukly halkynyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly üstünlikleri” arzuw etdi.
Sözümiziň soňunda belläp geçsek, Berdimuhamedowyň Zelenskiýe ýollan gutlagynyň edil häzirki gün çap edilmeginiň gönümel Azatlyk Radiosynyň bu baradaky degişli makalasy ýa-da başga bir sebäp bilen baglydygyny anyklamak başartmady.