Azatlygyň habaryndan soň Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýynyň howlusyndaky bürgüdi aýyrdylar

Azatlygyň habaryndan soň Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýynyň howlusyndaky bürgüdi aýyrdylar

Aşgabadyň häkimiýetleri Parahat-7/2 etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýynyň girelgesiniň golaýynda oturan uly bürgüdi alyp gitdiler. Bu waka 11-nji noýabrda, Azatlyk Radiosynyň köp ilatly ýaşaýyş jaýyndaky bu ýagdaý barada çap eden habarynyň ertesi boldy.

Uly ýyrtyjy guş Parahat-7/2 etrapçasyndaky 2-nji jaýyň öňündäki bagda oturýardy we diňe bu jaýyň ýaşaýjylaryna däl-de, eýsem töwerekdäki jaýlaryň ilatyna we geçip barýanlara biynjalyklyk döredýärdi.

"Şenbe güni öýlän on töweregi raýat eşikli adam we işçiler zynjyrly diwary, gök örtügi we bürgüdiň oturan daşly diwarynyň bir bölegini söküp aýyrdylar. Bürgüt eýýäm ýokdy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Bir gün öň, 10-njy noýabrda, bürgüdiň saklanýan ýerine baryp gören Azatlyk habarçysy, bir metr ululykdaky ullakan guşuň gyrymsy agaçlar bilen örtülen we kiçijik diwar bilen gurşalan howluda oturandygyny habar berdi. Ýüpe daňylan guş üçin kapasa göz öňünde tutulmandyr. Köpgatly ýaşaýyş jaýynyň girelgesiniň gapdalyndaky ýer birinji gatdaky kwartiranyň ýaşaýjysyna degişli.

Mundan başga-da, bürgüt köp adamyň geçýän ýerinde oturýardy - golaýda pyýadalar üçin ýoda we awtoulaglar üçin ýol bar. Bakjanyň daşyndaky diwaryň daş tarapyndan töleg terminaly we ýaşaýjylaryň dynç almagy üçin niýetlenen oturgyçlar bar. Guşuň bagy terminalyň arka tarapynda ýerleşýän daşa daňylan.

Habarçylar bürgüdiň soňky ykbalyny anyklap bilmediler. Ýaşaýjylara bürgüdiň goraghanadadygy aýdylypdyr.

Azatlyk Radiosy guşuň eýesi bilen gürleşip bilmedi. Habarçylarymyza guşy kimiň alyp gidendigini, onuň nirä äkidilendigini we jaýyň öňündäki bagyň kim tarapyndan we näme sebäpli aýrylandygyny anyklamak üçin ýerli polisiýa bölüminden we öý dolandyryş edarasyndan maglumat almak başartmady.

2-nji jaýyň we golaýdaky jaýlaryň ýaşaýjylary gür ilatly ýerde äpet bürgüdiň oturandygyny iki hepdä golaý wagt mundan öň bilip galypdyr. Bürgüdiň barlygy ýakymsyz ýagdaý ýüze çykandan soň äşgär bolupdyr. Ýaşaýjylaryň aýdyşy ýaly, jaýyň girelgesiniň göni gapdalynda ýerleşýän ýyrtyjy guş bu ýerdäki kiçijik pişikleri iýipdir we öýüň golaýynda gezelenje çykýan çagalaryň ene-atalarynyň arasynda uly alada döredipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy köpgatly bu binanyň we onuň töweregindäki jaýlaryň ýaşaýjylarynyň dürli häkimiýet edaralaryna, şol sanda jaý dolandyryş edarasyna we polisiýa ýüz tutandygyny, ýöne meselä ünsi çekip, häkimiýetlerden kömek alyp bilmändigini habar beripdi.

Adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen gürleşen şäher edaralarynyň biriniň wekiliniň sözlerine görä, goňşy jaýlaryň birnäçe ýaşaýjysy Tebigaty goramak jemgyýetine hem ýüzlenipdir.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, şol sanda ýaşaýjylaryň gündelik durmuşy bilen baglanyşykly ýagdaýlary barada habar çap etmeýär. Bu aralykda, problemalaryň bardygyny aç-açan boýun almaýan ýurduň häkimiýetleri, garaşsyz media serişdeleriniň, şol sanda Azatlygyň neşir edýän habarlaryndan soň käbir çäreleri amala aşyrýar.

Oktýabr aýynda, Azatlyk Radiosy Aşgabatda Saparmyrat Nyýazow adyndaky keselhanada şertleriň elhençdigi barada maglumat çap edenden soň, bu medisina edarasynyň baş lukmany işgärlere käýinç berdi.Baş lukman doktorlara we şepagat uýalaryna öz borçlaryny dogry ýerine ýetirmeýändiklerini aýtdy we olardan düşündiriş ýazmagy talap etdi.

Soňra çeşmeler baş lukmanyň şol gazaply reaksiýasyndan başga anyk netije göze ilmändigini arassaçylygy üpjün etmek we beýleki problemalary çözmek üçin hakyky çäreleriň görülmändigini habar berdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda köpgatly jaýda äpet bürgüt ýaşaýjylary gorkuzýar
“Kawkaz Bürgüdi 2024” Türgenleşigi Geçirildi
Hulusi Akar "Penje Bürgüt-2" operasiýasy bilen bagly maglumat berdi
Süleýman Soýlu "Penje Bürgüt-2" operasiýasy barada beýanat berdi
Erdogan Gara sebitinde 13 türk raýatyň şehit edilmegine sesini çykarmaýan ABŞ-na nägilelik bildirdi
Harytlara isleg uly