Azatlygyň çeşmesi türkmen türmesinde ýitenleriň birini Bekdaşda görendigini aýdýar

Azatlygyň çeşmesi türkmen türmesinde ýitenleriň birini Bekdaşda görendigini aýdýar

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň biri Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp tussag edilen Boris Şyhmyradowyň inisi Konstantin Şyhmyradowy bir ýarym ýyl öň Garabogaz/Bekdaş şäherinde görendigini, onuň bu ýerde sürgünlikde ýaşap we işläp ýörendigini habar berýär.

Emma bu maglumaty häzirlikçe başga çeşmeler arkaly tassyklamak başartmady.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatyna görä, 1951-nji ýylyň 4-nji iýunynda doglan, rus we türkmen raýaty Konstantin Şyhmyradowyň häzirki ykbaly belli däl. Aýdylmagyna görä, ol “2002-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ilki galplykda, soň dildüwşüge goşulmakda güman edilip tutuldy we Jenaýat kodeksiniň ençeme maddasynda aýyplanyp, 17 ýyl tussaglyga höküm edildi”.

Konstantin Şyhmyradowyň tas erkinlikde ýaşap ýörendigi baradaky habar türkmen jemgyýetçilginiň we onlarça halkara hukuk guramasynyň wekilleriniň 25-nji fewralda ÝHHG-nyň Türkmenistan boýunça işe girizen Moskwa mehanizminiň 15 ýyllygyna gabat ÝHHG-a ýüzlenme çap eden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Olary diri görkeziň” atly halkara kampaniýasynyň şu ýylyň 23-nji fewralynda täzelenen sanawynda Konstain Şyhmyradowyň ady türkmen türmesinde diri ýitenleriň ýa-da zorlukly ýitirim edilen diýlip hasaplanylýan tussaglaryň arasynda getirilýär.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Emma Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi Konstanin Şyhmyradowyň 14 ýyl çemesi öň kakasy ýogalanda, 10 ýyl çemesi öň ejesi ýogalanda Aşgabada, ene-atasynyň ýasyna üç günlük goýberilendigini, muny köp adamyň bilýändigini tassyklaýar. Şonuň bilen bir wagtda, Azatlygyň çeşmesiniň bu habary 2016-njy ýylyň tomsunda däl-de, näme üçin edil şu wagt aýtmagynyň sebäbi düşnüksiz bolup galýar.

Bellemeli ýeri, aşgabatly çeşmäniň bu maglumaty hukuk goraýjy guramalara we aktiwistlere 25-nji noýabrçylar barada şu wagta çenli mälim bolan ýa mälimdigi aýdylýan maglumatlara ters gelýär. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri, halkara guramalarynyň yzygiderli çagyryşlaryna garamazdan, öňki prezidentiň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplananlar barada açyk maglumat bermeýär. Ikinji tarapdan, soňky ýyllarda olaryň käbiriniň jesetleri garyndaşlaryna jaýlamak üçin berildi.

Boris Şyhmyradowyň ogly Baýram Şyhmyradow Konstantin Şyhmyradowyň Bekdaşda sürgünlikde saklanylýandygy baradaky habary tassyklamady.Onuň pikirine görä, Azatlygyň çeşmesiniň Bekdaşda Konstantini däl-de, onuň ogly Myrady gören bolmagy mümkin. “Başda 25 ýyl türme tussagly berlen Myrat 12,5 ýyl koloniýada bolup, soň 3 ýylyň dowamynda Bekdaşda ýaşamaly edildi we 2017-nji 18-nji fewralynda Aşgabada dolanyp bardy” diýip, Baýram Şyhmyradow Azatlyk radiosyna aýtdy.

Emma Azatlygyň çeşmesi özüniň Myrat bilen Konstantini çalşyran bolmagynyň ahmallygy baradaky çaklamany üzül-kesil ret edýär.

“2016-njy ýylyň tomsunda men Bekdaşa bir toýa bardym welin, bir tanyş ses gapdalymdan “Starik” diýip gygyrýar.Seretsem - Kostýa, salamlaşdyk, hal-ahwal soraşdyk.Men oňa agşam toý ýerine gitmegi teklip etdim, emma ol “toýa barjak däl” diýdi. Ýöne toýuň gapdalynda bir jaýda bir gije bile oturdyk” diýip, çeşme aýtdy. Şeýle-de ol Konstantiniň durmuşdan zeýrenmändigini, “bärik öwrenişdim, täze dostlarym bar” diýendigini gürrüň berdi.

“Olar, Kostýa dagy doly erkin, ýöne olaryň Garabogazdan, Bekdaşdan çykmagy gadagan. Işleýärler, aýlyklaryny alaýarlar. Türme şerti däl, özbaşlaryna kwartira-zat edinipdirler, ýagny kireýine ýaşaýarlar” diýip, aşgabatly çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Şu aralykda Azatlyk radiosyna Konstantin Şyhmyradowyň Aşgabatdaky jaýynyň töwereginiň daşynda gözegçiligiň güýçlendirilendigi barada maglumat gelip gowuşdy.

Mundan öň Azatlyk radiosyna 25-nji noýabrçylaryň biriniň Aşgabatdaky aýalyna özüniň diridigi barada habar iberendigi, emma onuň nirede we nähili ýagdaýda saklanylýandygyny aýtmandygy, şol bir wagtda agtyklarynyň dünýä inendiginden habarlydygy barada maglumat gelip gowuşdy.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatyna görä, türkmen türmesinde diri ýitenleriň diňe bilinýänleriniň sany 113 adama ýetýär, hasaplamalara görä bolsa, olaryň sany 150-200 adam aralygynda diýlip çaklanylýar.

Ýene degişli makalalar

'Olary diri görkeziň!' kampaniýasy Konstantin Şyhmyradowyň 2016-njy ýylda Garabogazda bolandygy baradaky maglumaty ret edýär  
Lebap welaýatynyň dört etrabynda iri şahly mallar gyrylýar
Maryda ownuk mal gymmatlady
Balkanyň 10-a golaý obasynda iri şahly mallar köpçülikleýin haram ölýär
Hajy Bekdaş Weli we Bekdaşylyk tarikaty
Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy