Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Global metbugat gullugyny suda berýär

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Global metbugat gullugyny suda berýär

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy 18-nji martda ABŞ-nyň Global Media Agentligini (USAGM) we edara ýolbaşçylary Keri Leýki we Wiktor Moralesi suda berip, guramanyň kongres tarapyndan tassyklanan granty ýatyrmak synanyşygyna garşy çykdy.

Arz-şikaýatda Azatlyk Radiosyna Kongres tarapyndan tassyklanan serişdeleri bermekden ýüz öwrülmeginiň federal kanunlary, şol sanda ABŞ-nyň konstitusiýasyny bozýandygy aýdylýar. ABŞ-nyň konstitusiýasy Kongrese federal çykdajylara degişli aýratyn ygtyýar berýär. Bu işe ABŞ-nyň Kolumbiýa okrugy boýunça sudunda serediler.

"Häzir Amerikanyň duşmanlarynyň propagandasyna we senzura ýol berilmeli wagt däl. Biz kanun biziň tarapymyzda diýip hasap edýäris, bütin dünýäde despotlaryň biziň soňumyzy dabaralamagy entek ir" diýip, Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, 1953-nji ýylda döredilen we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Global Media Agentliginiň (USAGM) üsti bilen ABŞ Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýän garaşsyz metbugat korporasiýasydyr.ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump, USAGM ýaly ýedi döwlet edarasynyň işini çäklendirmek barada buýruga gol çekdi. Bu edara daşary ýurtlara habar berýän media guramalaryny, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny dolandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar
'Olar azat sözüň, adam mertebesiniň, demokratiýanyň gymmatyna ynanýarlar'-diňleýjiler Azatlyk barada
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda 'halkyň sesi hökmünde tanalýar', diňleýjiler goldaw beýan edýär
Tebigat we ekologiýa
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy