Stadionyň hemişelik janköýeri
Janköýerler futbol oýnunyň özboluşly bezegi, hatda şolarsyz futboly göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Özüniň göwün beren toparynyň, klubunyň oýnuna stadionda tomaşa etmegiň aýratyn lezzeti bolýar.Janköýerler üçin toparynyň duşuşygynyň geçirilýän güni olaryň bar aladasy-küýi şol oýun bolýar.
Duşuşygyň bolýan güni ir säherden toparyň köýnekçesi geýlip, şarfy-da boýnuňa ildirilip, stadiona sary hereket edilýär. Şol ýerde-de özüň ýaly toparyň ölemen janköýerleri bilen duşuşylýar.Duşuşygyň başlanýan pursadyna çenli dürli-dürli güýmenjeler bilen gümra bolunýar, oýnuň başlanýan wagtyndan bir ýa-da bir ýarym sagat öň stadionyň içine girilýär.
Soňy hemmä mälim… Azyndan 90 minutlyk şowhun, şatlyk, şagalaň, elçarpyşmalar, goldawlar… Toparyň ýeňse şatlykly, şowhunly, ýeňilse az-owlak gamgynlyk bilen bir hatarda, indiki oýun üçin umytly stadion terk edilýär…
Ispaniýaly Wisente Nawarro Aparisio hem şeýle janköýerleriň biridi. Biridi diýilmeginiň sebäbi, ol 3 ýyl ozal aradan çykypdy. Ýöne ol muňa garamazdan, özüniň söýgüli, ölemen janköýerlik edýän toparynyň, ýagny “Walensiýanyň” duşuşyklaryna häzirki wagtda-da “tomaşa edýär”…
Mart aýynda häzirlikçe edil beýleki sport ýaryşlary ýaly, goýbolsun edilen UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda “Walensiýa” öz meýdançasynda “Atalantany” kabul edipdi. Dünýäde emele gelen ýagdaý sebäpli janköýersiz oýnalan bu duşuşygyň ýeke-täk janköýeri bardy. Ol hem şol merhum janköýer Wisente Nawarro Aparisionyň bürünçden ýasalan heýkelidi.
1928-nji ýylda dünýä inen Aparisio 20 ýaşynda “Walensiýa” toparynyň 18-nji belgili agzasy bolýar.Ol şondan soň, “Walensiýanyň” öz meýdançasyndaky, ýagny “Mestalýa” stadionyndaky hemme duşuşygyna diýen ýaly janly tomaşa edýär.
Wisente duşuşyklara hemişe diýen ýaly ogly bilen gelýär.Ol 54 ýaşynda, ýagny 1982-nji ýylda retina ýetmezçiligi sebäpli batyl, kör bolýar.Wisente Nawarro şonda-da “Mestalýa” stadionyna gelmegini we toparyna janköýerlik etmegini dowam edýär.
Ol toparynyň duşuşyklaryna tomaşa edip bilmese-de, oňa janköýerlik etmegini dowam etdirýär.Ol oýna gelende, hemişe stadionyň merkezi tribunasynyň 15-nji hataryndaky 164-nji oturgyjynda oturýardy.Ol bu ýeriň biletlerini hemişe öňünden satyn alyp goýýar eken.
Ogly kakasy barada: “Men 6 ýaşymdan bäri kakam bilen “Walensiýanyň” oýunlaryna tomaşa edip gelýärin.Soňky ýyllarda men onuň gözi ýalydym. 2004-nji ýyl onuň üçin ýatdan çykmajak ýyl bolupdy, kakamyň ömründäki iň şatlykly ýyldy.
Sebäbi “Walensiýa” hem “La Liganyň”, hemem UEFA Kubogynyň çempionlygyny gazanypdy.Kakam 40 ýyla golaý wagt bäri duşuşyklara tomaşa edip bilmese-de, ol bu ýeriň şowhunyny, ruhuny duýmak üçin stadiona gelýärdi” diýip ýatlaýar.
2017-nji ýylda aradan çykan Wisente Nawarronyň iň esasy arzuwlarynyň biri-de 2019-njy ýylda “Walensiýanyň” esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygynyň janly şaýady bolmak eken. Ýöne bu oňa nesip etmeýär. “Walensiýa” toparynyň ýolbaşçylary-da özleriniň ölemen janköýeriniň hatyrasyny mertebeläp, onuň heýkelini ýasadýar. Bürünçden ýasalan heýkel bolsa, Wisenteniň hemişeki ýerine, ýagny merkezi tribunanyň 15-nji hataryndaky 164-nji ýere oturdylýar.