Astronomlar ilkinji gezek Aýyň üstki gatlagyny dolulygyna karta geçirdiler we onuň üstündäki ähli geologik gurluşlary toparlara böldüler.Täze karta hemramyzy öwrenmek we özleşdirmek üçin özboluşly gollanma bolar.
Aýyň bitewi geologik kartasy (Unified Geologic Map of the Moon) doly jikme-jiklikler bilen ýasalyp, onuň masştaby 1: 5 000 000.Bu Aýyň ýüzüniň bäş kilometr böleginiň kartada bir millimetr bilen tapawutlanýan ululygynyň bardygyny aňladýar.
Gözlegiň esasy awtory ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň wekili Kori Fortesso: Bu karta köp ýyllyk taslamanyň jemidir. Karta täze gözlegler üçin möhüm maglumatlary berip, Aýyň üstüniň galan bölekleri baradaky gözlegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär diýdi.
Täze işiň esasynda, “Apollonlaryň” döwründe düzülen Aýyň üstki gatlagynyň dürli bölekleriniň alty kartasy ýatyr. Hünärmenler olary orbital enjamlardan alnan has soňky maglumatlar bilen üstüni doldurdylar. Hususan-da, Aýyň ekwatorial sebitleri baradaky maglumatlar, Ýaponiýanyň kosmos gullugy JAXA-nyň SELENE missiýasy tarapyndan ugradyldy. NASA hünärmenleri tarapyndan döredilen we uçurylan LRO zondunyň kömegi bilen polýar sebitleri kartalaşdyryldy.
Umuman alanyňda, 43 sany stratigrafik birlik alymlaryň nazaryndan sypmady.Täze maglumatlaryň kömegi bilen köp obýektler ilkinji gezek karta girizildi.Olar kraterleriň beýik gyralaryndaky dürli gaýalardan ybaratdyr. Şeýle hem, hünärmenler Aýyň üstki geologik gatlaklarynyň jikme-jikliklerini birmeňzeş beýan etdiler.
Mysal üçin, öňki kartalaryň kemçilikleri aradan aýryldy, çünki onda şol bir gurluşlaryň atlary we beýany käwagtlar biri-birine ters gelýärdi.Hünärmenleriň zähmetiniň miweleri köpçülige elýeterli edildi.Hünärmenler üçin kartanyň nusgasy PDF faýly hökmünde elýeterlidir. Ýeri gelende ýatlap geçsek, öň Saturnyň Titan hemrasynyň global kartasy düzülipdi. Şeýle hem, Plutonyň we Haronyň 3D kartalary düzülipdi.