Aýtmatow medaly bilen sylaglandy

Gyrgyzystanda 20 adam ýazyjy Çingiz Aýtmatow adyndaky medal bilen sylaglandy. Ol medeniýet, ylym, edebiýat we jemgyýetçilik işlerinde görnükli hyzmatlary bitiren adamlara gowşurylýar.

Dabara Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçdi. Sylagy mynasyp bolanlara ýazyjynyň ogullary gowşurdylar. Sylaglananlaryň arasynda Bişkek şäheriniň häkimi we Russiýanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi bar. Geljekde ýazyjynyň ady dakylan täze kitaphana açmak meýilleşdirilýär.

-Türkiýäniň Antalýa şäherinde Çingiz Aýtmatowyň merkezini açmak boýunça işler alnyp barylýar. Biz Nowosibirskide hem şeýle merkezi açmak barada ylalaşyga gol çekdik. Geljek ýylyň maý aýynda ony açmak üçin Nowosibirskä gideris – diýip, Çingiz Aýtmatow adyndaky Halkara Yssykköl forumynyň wise-prezidenti Dinara Žumabaýewa gürrüň berýär.

Guramaçylar Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygynyň öňüsyrasynda, Gyrgyz Respublikasynda Aýtmatowyň okaýyşlaryny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

Miras žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy
Gyrgyzystanda 20 adam Aýtmatowyň medaly bilen sylaglandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap duşuşyk geçirildi