Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internaynyň mugallymlary halkara gözden geçirilişiň netijeleri boýunça güçlileriň hataryna girdi

Aýratyn zehinli çagalrayň döwlet mekdep-internatynda halkara distansion olimpiadalarynyň tapgyrlarynyň netijeleri boýunça sylaglara mynasyp bolan mugallymlary mübäreklemek dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen okuwçylarydyr olaryň mugallymlary dürli derser boýunça aň-paýhas gözden geçirişlerine gatnaşýarlar.Olaryň arasynda Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň wekilleri-de bar, bu ýerde ýurduň dürli sebitlerinden zehinli çagalar bilim alýarlar.

Bilimi güýçli okuwçylar we olaryň halyplary olimpiadalaryň, hususan-da Russiýanyň Erudit“ Ylym-bilim merkeziniň guran olimpidalarynda ençeme gezek ýeňiş gazanypdylar, bu edara golaýda geçen okuw ýylynda geçirilen bäsleşikleriň jemini jemledi.

Erudit“ Ylym-bilim merkeziniň direktory M.B. Abrosimowyň iberen hatynda olimpiadalara gatnaşýan ýolbaşçylaryň, utgaşdyrjylaryň we bilim edaralarynyň görkezijileriniň düzülendigi habar berilýär. Jemleýji sanawda Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Ukrainadan, Çernogoriýadan, Moldowadan, Täjigistandan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Litwadan we beýleki ýurtlardan ýolbaşçylaryň 2057-siniň we utgaşdyryjylaryň 488-siniň ady agzalar, şeýle hem bilim edaralarynyň 1752-si sanalýar.

Ýurdumyzyň wekilleride görkezijide ýokary orunlary eýelediler. Olaryň arasynda Aýratyn zehinli çagalrayň döwlet mekdep-internatynyň mugallymlary bar, olar Ýylyň bilim edarasy“ diýen Kuboga mynasyp boldular.

Taryh migallymy Mähriban Myradowa Ýylyň ýolbaşçysy“, matematika mugallymy , Ýusupguly Öwezow Ýylyň utgadyryjysy“ adyna mynasyp boldular. Olaryň ikisem medallary we hormat diplomlaryny eýelediler.

Döredijilik we ders bäsleşiklerini gatnaşanlary ýokary derejede taýýarlandyklary üçin diplomýaryň ýene üçüsi- geografiýa mugallymy, şu dersden mekdep okuw gollanmasynyň awtory Enegül Tulýakowa, taryh we geografiýa boýunça usulýet birleşiginiň ýolbaşçysy Ogulkeýik Çopanowa hem-de taryh mugallymy Bike Öwezberdiýewa dagy sylaglandylar.

Mugallymlaryň bäşisiniň hünär ussatlygyna mynasyp baha berildi. Geçen okuw ýylynda olardan sapak alan 6-11-nji synp okuwçylary dersleriň sekizisi—taryh, geografiýa, iňlis we rus dilleri, matematika, fizika, himiýa we biologiýa boýunça bäsleşiklerde 600 (!) gezek baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Çagalar taryh dersinden has köp ýeňiş gazandylar, ol tötänden däldir. Indi birnäçe ýyl bäri mekdepde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty bilen hyzmatdaşlykda döredilen Ýaş taryhçy“ gurnagy hereket edýär. Institutyň ylmy işgärleriniň 17-si zehinli okuwçylaryň 17-siniň ylmy işlere islegini höweslendirip, olara ýardam berýärler.

Täze, 2017-2018-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýaş zehinler—diňe bir orta umumybilim berýän däl, eýsem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň wekilleri-de Russiýanyň Erudit“ Ylym-bilim merkeziniň (Saratow ş.) gurnaýan nobatdaky aň-paýhas marafonyna gatnaşmaga isleg bildirdiler. Türkmen mugallymlarynyň we olaryň okuwçylarynyň täze ýeňişlerine garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy