Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň okuwçylary geometriýa boýunça halkara olimpiadada baýrakly orun eýelediler

Geometriýa boýunça Eýranda geçirilen IGO-2017 4-nji olimpiadada türkmen okuwçylary-da baýrakly orunlary eýelediler. Intellektual internet bäsleşige dünýä ýurtlarynyň 44-sinden dört müňe golaý ýaş matematikaçylar gatnaşdylar.

Onlaýn-düzgünde gurnalan bäsleşik uly synp okuwçylarynyň ýaşyna görä başlangyç, orta we ýokary derejelerde geçirildi. Bäsleşigiň her tapgyrynda oňa gatnaşanlara dört meseläni çözmäge 4,5 sagat berilýärdi.

Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatyndan sekizinji - on birinji synp okuwçylarynyň 17- si ýurdumyza wekilçilik etdiler. Olardan Baýgeldi Çolukow bilen Jepbar Asgarow degişlilikde kümüş we bürünç medal eýelediler. Döwletgeldi Isaýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Kadyrberdi Annabaýew, Kemal Atajanow, Seýdulla Narkulyýew, Resul Şamuhammedow, Allaýar Hudaýgulyýew, Meňli Rahmedowa, Röwşen Owezmyradow we Akmyrat Tirkeşow dagy höweslendiriji sylaglara mynasyp boldular.

Çagalary olimpiada matematika mugallymy Arslan Hojiýew taýýarlady. Türkmen intellektuallary mekdep-internatda geçirilen dabarada mübäreklenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda köp sanly medallary gazandylar