Aýnanyň taryhy

Gadymy döwürlerde oýlanyp tapylan aýnanyň häzirki wagtda has giňden peýdalanylýandygyny görmek bolýar.Bu täsin madda barada gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.Aýna ýönekeý maddadygyna garamazdan, durulygy, has dogrusy, aňyrsynyň görünmegi bilen beýleki maddalardan tapawutlanýar.

Ony ýasamak üçin Ýer ýüzüniň ähli ýerinde diýen ýaly bar bolan çäge, kwars we aşgar ýeterlik.Binalarda, ulaglaryň islendik görnüşinde, aşhanada we beýleki ýerlerde aýnanyň örän köp ulanylýandygyny görmek bolýar.

Gaty, emma port häsiýetli aýnanyň birnäçe görnüşi bar.Himiki häsiýetleri babatda ol suwuk hem hasaplanýar.Emma, onuň gaýnama nokadynyň ýokarydygyny bellemek gerek.Bu täsin maddanyň ilkinji gezek haçan oýlanyp tapylandygy barada anyk maglumat ýok.

Miladydan ozalky üçünji müňýyllykda aýnanyň ulanylandygy çaklanylýar.Emma anyk maglumatlarda, miladydan ozalky 1551-1527-nji ýyllara degişli bolan monjuk ilkinji aýna önümi hasaplanyp, ol Müsür faraonuna degişlidir.Mozaika aýnalaryň Müsürde Ptolemeýler dinastiýasy döwründe aleksandriýaly senetçiler tarapyndan bezeg maksatly ýasalandygy mälimdir. Üflemek arkaly dürli şekilli çüýşeleri ýasamagy miladydan ozalky I asyrda siriýaly ussalar oýlap tapypdyr.

XV asyrda Wenesiýada hrustal aýna peýda bolýar. 1675-nji ýylda Jorj Rawenskroft atly aýna ussasy has dury aýnany oýlap tapýar.Has uly aýnalaryň önümçiligi geçen asyryň başlarynda ýola goýulýar.

Irwing W.Kolburn atly amerikan oýlap tapyjysy penjireler üçin aýnalaryň köpçülikleýin önümçiligini amala aşyrýan maşyny işe girizýär. 1904-nji ýylda Maýkl Owen aýnanyň şekilini üýtgedýän maşynyň patentini alýar.

Onuň oýlap tapan maşyny çüýşe, banka we beýleki gaplary köpçülikleýin öndürmäge niýetlenipdir.

Goragly aýna tötänden döreýärWagtyň geçmegi bilen dürli maksatlar üçin aýnalar öndürilýär. 1903-nji ýylda fransuz himigi Eduard Benediktus üç gatlakly aýnany tötänleýin oýlap tapýar.Laboratoriýasynda synag geçirýän mahaly onuň elindäki çüýşe gap ýere gaçyp döwülýär, ýöne pytramaýar.

Bu ýagdaý onuň ünsüni çekýär.Benediktus düzüminde kollodiý (lukmançylykda hem-de fotografiýada ulanylýan goýy şepbik garyndy) bolan suwuklygyň bugarmagy netijesinde emele gelen gatlagyň çüýşäniň pytramagynyň öňüni alandygyny aňyp, ony bellik depderine ýazýar. 1920-nji ýyllarda bir awtoulagyň ýol heläkçiligine uçramagy Benediktusyň üç gatly aýna öndürmegine sebäp bolýar.

Ol iki gat aýnanyň arasyna sellýuloza nitrat gatlagyny ýerleşdirmek arkaly üç gatly aýnany oýlap tapýar.Bu açyş ilki awtoulaglaryň öňki aýnalarynda ulanylyp başlanýar.Goragly aýnalar häzirki wagtda ulaglarda, smartfonlarda we beýleki mobil enjamlarda hem giňden ulanylýar.Gadymy müsürliler, grekler we rimliler ýüz görülýän aýnalary altyn, kümüş, bürünç, galaýy, mis, dag hrustallary ýaly zatlaryň ýüzüni ýaldyratmak arkaly ýasapdyrlar.

XIV asyrda Wenesiýada aýnanyň bir tarapyny syrçalamak arkaly ýüz görülýän aýna ýasalypdyr.500 derejede gyzdyrylanda ýumşap başlaýan aýnany 800-1300 dereje aralygyndaky gyzgynlykda islendik şekile öwrüp bolýar.Gyzgynlyga çydamly aýnalar XIX asyrdan bäri Germaniýada senagatda ulanylýardy.

Olardan, esasan, demir ýollarda aşa gyzgyn we aşa sowuk howada durmaly bolýan lampalar ýasalýardy.Emma aýnanyň bu görnüşi nahar bişirmek üçin ýa-da suw gaýnatmak üçin gijräk ulanylyp başlanýar.

Nýu Ýorkda “Corning” aýna şereketiniň laboratoriýasynda işleýän doktor Jesse T.Littleton 1913-nji ýylda käse şekilli aýna böleginde köke bişirýär.Bu ýagdaý açyş etmek üçin pikir döredýär we şereket 1916-njy ýylda howurpeç üçin niýetlenen ilkinji aýna gaby satuwa çykarýar. 1936-njy ýylda bolsa, oduň üstünde goýup nahar bişirip bolýan ilkinji çüýşe gaplar satuwa çykarylýar.

Ýene degişli makalalar

10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Hakan Fidan 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär
Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
Germaniýada Rim Papasyndan Miras Galan Haç Ogurlandy
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Watikana Benedikt XVI bilen hoşlaşmak üçin müňlerçe katolik ýygnandy