Ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri Türkmenaýnaönümleri kärhanasy Ukraina aýnanyň birinji tapgyryny ugratdy.Türkmen aýna çykaryjylarynyň önüm eksport edýän ýurtlarynyň sany barha artýar.Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly ýurtlar bilen uzak möhletleýin söwda gatnaşyklary ýola goýuldy. Şu ýylyň 9 aýynda ýurduň daşyna 700 müň inedördül metrden gowrak aýna ugradyldy.
Munuň özi tutuş geçen ýyldakydan-da has köpdür.Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda bir million inedördül metr aýna, 100 müň inedördül metr laminirlenen aýna, 400 müň aýnapaket we azyk hem-de derman senagaty üçin dürli ölçegdäki aýna gaplaryň 15 görnüşini çykarmaga mümkinçilik berýär.
Germaniýanyň HORN Glass Industries AG kompaniýasynyň guran kärhanasynda Clastone (Finlýandiýa), Buhler, Zippe (Germaniýa ), Lises (Аwstriýa), Cnud (Belgiýa), Bottero (Italiýa) ýaly kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylan.Kärhanada aýna ýasamak üçin gerek çig mal külke edilip üwelýär.
Döwülen, galyndy we zaýalanan aýna bölekleri-de gaýtadan işlenilýär.Doly awtomatlaşdyrylan önümçilik binagärlik we gurluşyk pudagynyň kärhanalaryna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna hyzmat etmäge gönükdirilendir.