"Türkmenistanda zenan hökmünde ýaşamak, häzirkizamanyň hödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak, şol sanda ulag sürmek gün-günden kynlaşýar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri aýal-gyzlaryň ulag sürmeginiň öňüni almak üçin elinden gelenini edýärler. Bizde gender deňligi düýbünden ýok" diýip, türkmenbaşyly zenan sürüjileriň biri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.
Soňky bir hepdä golaý wagt bäri Türkmenbaşynyň häkimiýetleri ulag sürýän aýal-gyzlara gözegçiligi güýçlendirdiler. Habarçylarymyzyň 21-nji iýunda beren maglumatyna görä, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri (PÝGG) ulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahalar esasynda, olara jerime ýazýarlar. Olaryň sürüjilik şahadatnamalary elinden alynýar we ulaglary polisiýanyň duralgasyna alnyp gidilýär.
Azatlygyň Balkandaky habarçysy sürüjilik şahadatnamalary alnan zenan sürüjileriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar zenan sürüjileriň jerimäni tölemek we resminamalaryny yzyna almak düzgüniniň ozal görlüp-eşidilmedik derejede kynlaşdyrylandygyny aýdyp, munuň üçin kazyýet kararyny çykartmalydygyny bellediler.
Efirde adynyň Aýgözel diýip tutulmagyny soran türkmenbaşyly zenan sürüjileriň biri bu prosesiň tutuşlygyna görgüdigini aýdyp, öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
"Indi zenan sürüjilere jerime salnan bolsa, onda olar bu jerimäni tölemek we resminamalaryny yzyna almak üçin ençeme edaradan kepilnama almaly bolýarlar.Soňra şol kepilnamalary kazyýete tabşyrmaly.Kazyýet resminamalary öwrenip, sürüjilik şahadatnamany yzyna alyp bolýandygy barada jerime töleg hatyny berýär.
Zenan sürüji suduň karary boýunça çykarylan bu hat bilen bankyň ýygym kassasyna jerimäni töländen soň, polisiýadan sürüjilik şahadatnamasyny alyp berýär" diýip, Aýgözel aýtdy.
Onuň sözlerine görä, kepilnamalary almak işi ençeme gün dowam edýär we zenan sürüjiler olary amak üçin, jerime töleginden daşgary, 300 manatdan gowrak çykdajy etmeli bolýarlar.
"Ilki bilen şäheriň sanitariýa-epidemiologýa gullugyndan COVID kepilnamasyny aldym.Onuň üçin 150 manat töledim.Soňra ruhy taýdan sagdyndygyň hakynda psihiatordan kepilnama almaly.Onuň üçin 55 manat töledim. Üçünjiden, WIÇ/SPID-iň ýoklugy barada kepilnama aldym.
Munuň üçin hem 21 manat tölemeli boldum.Dördünjiden, alkogol barlagyndan geçmeli.Bu ýerde ganyňy barlaýarlar.Onuň üçin hem 55 manat töledim.Bäşinjiden, şäheriň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyndan kepilnama almaly.
Munuň üçin 35 manat tölemeli boldum.Bular resmi tölegler bolup, olardan başga-da bir topar para hem bermeli boldum" diýip, Aýgözel gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, kazyýet karary bilen jerimäni töläp, sürüjilik şahadatnamasyny we ulagyny yzyna alan zenan sürüjiler, aradan birnäçe gün geçensoň, gaýtadan polisiýa tarapyndan saklanyp, dürli bahanalar esasynda, ýene jerimä sezewar edilse, onda olar şu kepilnamalary täzeden ýygnamaly bolýarlar.
"Köp aýal-gyzlar bu görgüli prosesden ýene geçmejek bolup, alajy bolsa jerime ýazdyrmajak bolup tanyş tapmagyň, para bermegiň ýoluny gözleýärler" diýip, Aýgözel aýtdy.
Ol erkek sürüjiler babatynda şeýle talabyň ýokdugyny aýdyp, munuň aýal-gyzlara garşy alyp barylýan aç-açan diskriminasiýadan we zulumdan başga zat däldigini belledi.
"Erkek raýatlar ýol polisiýasynyň administratiw temmi müdirligine töleg edip, sürüjilik şahadatnamalaryny alyp bilýärler.Olara kepilnamalary ýygnamak we kazyýetiň karary gerek däl.Bu aýal-gyzlara garşy amal edilýän bir sütem.
Aýal-gyzlaryň özleri "ulag sürmesem kaýyl" diýer ýaly etjek bolýarlar.Zenan sürüjilere garşy görülýän bu çäreler, olary býurokratik ýol bilen ulag dolandyrmaz ýaly etmek çäresine meňzeýär" diýip, Aýgözel sözüni jemledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenbaşynyň polisiýa müdirliginden we kazyýetinden goşmaça maglumat ýa kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzy 22-23-nji iýunda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda näçe zenanyň sürüjilik şahadatnamasyny alandygy baradaky statistiki maglumatlary aýan etmeýärler. Ýöne habarçylarymyz soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ulag sürýän aýal-gyzlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň kanunlarynda ýurtda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriniň bardygyna kepil geçilýär.
Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri zenan sürüjileriň ulag dolandyrmagyny çäklendirmek çärelerini indi bäş ýyla golaý wagt bäri dowam etdirýärler. Häkimiýetler zenan sürüjilere gözegçiligi käte gowşatsalar, soňra ýene güýçlendirýärler. Olar bu çäreleri resmi derejede ne boýun alýarlar, ne-de düşündirýärler.
Balkanda zenan sürüjilere garşy görülýän soňky çäreler, ýurtda aýal-gyzlara garşy gözegçilikleriň güýçlendirilen, olaryň daşky keşpleri, şol sanda egin-eşikleri we kosmetiki hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçilikleri bilen bagly gadagançylyklaryň ençemesiniň girizilen mahalyna gabat geldi.
Ýurtda aýal-gyzlara girizilen bu çäklendirmeler we gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.