“Aýdyň gijeler” kompaniýasy kabel önümçiligini ýola goýdy

“Aýdyň gijeler” kompaniýasy kabel önümçiligini ýola goýdy

Türkmenistanda “Aýdyň gijeler” kompaniýasy ýurtda ilkinji bolup, içerki we daşary bazarlar üçin niýetlenen kabel önümleriň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada kärhananyň taslamalar bölüminiň başlygy Wladislaw Admakin “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2024” atly halkara sergide mälim etdi. Bu barada “SNG.Today” internet neşiri duşenbe güni habar berdi.

Bu taslama hytaýly hünärmenler we Germaniýanyň “Siemens Standard Motors LTD” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy. Önümler Ýewropadaky degişli guramalar tarapyndan sertifikatlaşdyrylyp, olar howpsuzlygyň halkara ölçeglerine laýyk gelýär.

Habarda bellenişine görä, kompaniýanyň önümçilik zawody pes we orta ýygylykly alýumin hem-de mis kabelleri öndürýär. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 80 million metr kabel öndürmäge niýetlenendir.

W.Admakin kärhananyň esasan ýerli çig mallary ulanyp, optiki süýümli geçirijileri öndürmegiň hasabyna önümleriniň görnüşlerini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Önümçilik düzümleri içki izolýasiýaly we daşy goragly kabelleri öndürmek üçin awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün edilendir. Kompaniýa innowasion tehnologiýalar we dünýä tejribesine daýanmak bilen önümleriniň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň gatnaşmagynda 2016-njy ýylda döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti elektrotehnikalary we elektron harytlary ýurtda ilkinji bolup öndürip başlan kärhanalaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Aýdyň Gijeler türkmen kärhanasy telewizorlarynyň ýyllyk önümçilik sanyny 100 müňe ýetirdi
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Angliýada geçirilen halkara taslama bäsleşiginde “Altyn medala” eýe boldy
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Iş topary dörediler