Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti Aşgabat siti atly döwrebap ýaşaýyş toplumyny akylly yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün eder

Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti Aşgabat siti atly döwrebap ýaşaýyş toplumyny akylly yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün eder

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden bellenilen güni paýtagtymyzyň demirgazygynda guruljak Aşgabat siti atly döwrebap ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentine degişli bolan bu ägirt uly taslamada dünýä arhitekturasynda we şäher gurluşygynda bar bolan täzeçillikler we progressiw özgertmeler durmuşa geçiriler.

Ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň onlarçasy Aşgabat siti atly döwrebap ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaý desgalarynyň gurluşygyny amala aşyrar.Elektrik we elektroniki önümleri öndürmek bilen tanalýan Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti hem Aşgabat siti atly döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna goşant goşar.

Bu kompaniýa täze akylly şäheri elektrik enjamlary bilen enjamlaşdyrmaga gatnaşar.Bu babatda eýýäm Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti dünýädäki hyzmatdaş kompaniýalary bilen işewür duşuşyklary we gepleşikleri geçirip başlady.

Ýakynda, Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti Optoled Elektrik Elektronik Aydinlatma Anonim Şirketi türk kompaniýasy bilen daş görnüşinden torşer (poluň üstünde goýulýan uzyn aýakly çyra) lampalary diýlip atlandyrylýan akylly yşyklandyryş ulgamy bilen Aşgabat siti atly döwrebap ýaşaýyş toplumyny üpjün etmeklik üçin şertnama baglaşdy.

Häzirki zaman elektrik enjamlary akylly şäher taslamalarynyň ösüşinde özboluşly bir täzelikdir.

Akylly köçe lampalary awtoulaglara, awtoulag duralgalaryna, pyýada geçelgelerine gözegçilik etmäge, şeýle hem seýsmiki işjeňlikden ýa-da atmosfera üýtgemelerinden habarly bolmaga mümkinçilik berýär. Çünki, akylly köçe lampalary kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, akylly köçe lampalarynda polisiýa jenaýatlary çözmäge ýa-da zibil ýygnalşyny barlamaga kömek edýän; zäherli himiki maddalary, tozgajyklaryň mukdaryny ýa-da howanyň hapalanma derejesini kesgitleýän sensor oturdylandyr.

Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti importyň ornuny tutýan önümçiligi döretmek baradaky döwlet maksatnamasynyň çäginde Älem, Zemin we Tolkun atly suwuk kristal ekrany bolan ilkinji ýerli telewizorlary, Körpe we Milli atly telefonlary, Uçgun waýfaý (wi-fi) routerleri, Teşne atly suw sowadyjy we gyzdyryjy enjamlaryny, Mylaýym atly sowadyjylary, Şowly monobloklary we beýleki önümleri öndürmek bilen tanalýar.

Ýene degişli makalalar

Türk töleg ulgamy Merkezi Aziýa ýurtlaryna pul geçirimlerini amala aşyrar
2018-nji ýylda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana işe giriziler
14.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Owadandepede gurulýan gaz himiýasy toplumynda goýberiş-sazlaýyş işlerine başlanyldy
Tebigy gazdan benzin öndürýän kärhanada işe goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar
В Овадан депе строится промышленный гигант - завод по производству высококачественного бензина из природного газа