
Meşhur amerikan aýdymçysy Teýlor Swiftiň 9-njy iýulda Şweýsariýanyň Sýurih şäherindäki aýdym-saz konserti wagty ýer yranma hasaba alyndy. Bu barada ýurduň seýsmologiki gullugy habar berdi diýip, rg.ru ýazýar.
Seýsmologlar ýer yranmasynyň konsertiň geçen ýeri bolan Letsigrund stadionynyň 8 kilometr çäginde hasaba alnandygyny aýtdylar.
DPA portalynyň ýazmagyna görä, Swiftiň konsertine 50 müň adam ýygnandy.