Aýdymçy Nazir Habibow Türkmenistanyň at gazanan artisti Kuwwat Çarygulyýew bilen Türkmenistanyň beýik ösüşlerini wasp edip döreden täze aýdymyny diňleýjilere hödürledi. Täze aýdymyň sözleri şahyr Arslan Kertikowa, sazy bolsa Ataş Jumaýewa degişli. Aýdymyň döreýşi ýarada, aýdymçy şeýle gürrüň berýär:
— Her gezek gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözelligini, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri görenimde göwnüm ganatlanyp, ýurdumyz barada ajaýyp bir aýdym döretmek barada pikir edýärin. Men bu barada şahyr Arslan Kertikowa öz pikirimi aýdanymda, ol hem özünde şeýle teklibiniň bardygyny aýtdy.
Men Arslan, Ataş üç bolup täze aýdymyň üstünde işledik. Sözi, sazy ýerine düşen aýdym şowly çykdy. Men bu aýdymy ýekelikde däl-de merhum halypamyz Atabaý Çarygulyýewiň ogly Kuwwat Çarygulyýew bilen bilelikde ýerine ýetirmek isledim. Sebäbi Kuwwat meniň iň gowy dostlarymyň biri. Kuwwat hem teklibimi kabul etdi. Şeýlelikde diňleýjilere häzir wasp edýän aýdymy diňleýjilere hödürledik.
Aýdymçynyň aýtmagyna görä, ol geçen ýyllaryň dowamynda şahyr Arslan Kertikowyň sözlerine Toý-toý, Toý gijesi, Har etdiň, Sary saçly, Armanym bar, Waý-waý, Eýjejik ýarym, Däli dünýä, Arzuw, Synag ýaly birnäçe aýdymlary döredip diňleýjilere hödürledi. Ol aýdymlar bolsa halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy.