Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 16-njy dekabrda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurduň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar.
Döredijilik bäsleşigi birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirildi.Deslapky tapgyrlaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň has köp sesini toplan ýaşlary seçip aldylar.
Olaryň köpüsi eýýäm Türkmenistanda geçirilýän dürli festiwallarda çykyş edip, tejribe topladylar.Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry baş baýragyň eýesini kesgitlemekden ybarat boldy.Bu işe aýdym-saz sahnasynyň ýokary derejeli ussatlary hem goşuldylar.
Eminler hökmünde çykyş eden teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler SMS we jaň etmek arkaly seslerini bermek bilen, gatnaşyjylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna baha berdiler.
Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Emin agza bolup gatnaşýan sahna ussatlarynyň her bir aýdymçynyň sesiniň arassalygyna, owazyna baha berip bilmekleri üçin aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi.
Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagat dowam etdi. Her bir aýdymçynyň çykyşyndan soňra, meşhur artistler öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler.
Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanaldy. Soňra dabarany alypbaryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Şunlukda, “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Gylyçdurdy Durdyýewe göçme kubok we gymmat bahaly sowgat gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.