Aýdymçy Beýonsäniň hormatyna baýramçylyk döredildi

Aýdymçy Beýonsäniň hormatyna baýramçylyk döredildi

Aýdymçy zenan Beýonsäniň hormatyna ABŞ-nyň Atlanta şäheriniň häkimiýetleri 11-nji awgusty Beýonsäniň güni hökmünde atlandyrmak kararyna geldiler. Bu barada UPROXX neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Häzirki wagtda aýdymçy Renaissance Tour atly dokuzynjy konsert tapgyry bilen ýurdy aýlanýar, ol 1-nji oktýabrda tamamlanar.

2023-nji ýylyň fewralynda aýdymçy zenan Gremmi aýdym-saz baýragyna dört ugur boýunça mynasyp boldy. Ol häzirki günde bu baýraklaryň iň köp eýesidir, Beýonsäniň toplumynda Gremmi heýkeljikleriniň 32-si bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň mekdeplerinde iň soňky jaň kakyldy, Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan sergi dowam edýär, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet günleri üçin Ýerewana ugrar we beýleki habarlar
Ledi Gaga ABŞ-nyň Medeniýet guramasyna ýolbaşçylyk eder
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Bilesiň gelýärmi? gepleşiginde Gremmi barada gürrüň berilýär
66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Aýdymçy Brýus Springstin ähli aýdymlaryny satmakçy