Aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň, Moskwanyň Dutaryň owazy atly halkara festiwal guramasynyň gurnamagynda aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Medeni araçäkde milli kompozitorçylyk mekdepleriň döreýiş aýratynlyklary ady bilen geçirilen bu ylmy maslahata sungat ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary üstünlikli gatnaşdylar. Şeýle-de bu halkara maslahata Azerbeýjanyň Döwlet saz medeni muzeýiniň işgärleri, N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburgyň döwlet konserwatoriýasynyň, A.I.Gersin adyndaky Russiýanyň döwlet pedagogiki uniwersitetiň, German-rus medeni-ylmy akademiýasynyň professor-mugallymlary, Fransiýanyň Amadeus Europe Akademiýasynyň agzalary we beýleki alymlar gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlar professional saz sungatymyzyň halkara sungat äleminde ýokary derejelere ýetendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Professor-mugallymlar bilen bir hatarda ýaş mugallymlaryň hem talyplaryň gatnaşmagy ýaş hünärmenleriň ele alýan hünärleriniň ussatlary bolup ýetişýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

Reşit Rahmeti Arat
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümleri
Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny