'Aýdylýan 7 million nirede'. Türkmenistanyň ilatly nokatlarynda ýaşaýjy ep-esli azaldy

'Aýdylýan 7 million nirede'. Türkmenistanyň ilatly nokatlarynda ýaşaýjy ep-esli azaldy

Türkmen hökümeti tarapyndan yglan edilen ilat sany köpleri geň galdyrdy. Häkimiýetleriň 16 ýyl garaşdyryp, beren sanlaryna görä, soňky otuz ýylda ýurduň ilaty tas iki esse köpelen bolmaly, emma ýurduň dürli sebitlerindäki ýagdaý ol ýerde ýaşaýanlaryň ep-esli azalandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky 12 ýylda ýurduň ilatyny iki gezek sanamagy guramalaşdyrdy we 2012-nji ýylyň ilat ýazuwynyň neijelerini çap etmekden saklanyp, bu gezekkisiniň netijelerini 7 million adam diýip yglan etdi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylarynyň dürli welaýatlardan berýän habarlaryna görä, ilatyň ep-esli azalmagy hemme ýerde göze ilýär. Köpçülikleýin zähmet migrasiýasy, ölüm derejesi we çaga dogluşynyň pes bolmagy ilatyň köpelmegine päsgelçilik döredýär.

Ilatyň azalmagyny döwlet edaralarynda işleýän çeşmeler tarapyndan Azatlyga berlen resmi maglumatlar hem görkezýär. Hususan-da, Balkan welaýatynyň döwlet gurluşlarynda içerki ulanyş üçin bar bolan statistiki görkezijilere görä, käbir ilatly ýerlerde soňky iki-üç ýylda ilatyň sany iki esse azalypdyr.

"Mysal üçin, 2000-nji ýylda Türkmenbaşydaky Akdaş şäherçesinde 12 300 adam ýaşaýardy, häzir 2023-nji ýylda bu ýerde 7100 adam ýaşaýar. 2000-nji ýylda Janga şäherçesinde 18 müň adam ýaşan bolsa, 2023-nji ýylda 14 250 adam ýaşaýar.

Bu ýerde köp gazak, rus, tatar, azerbaýjan, ermeni milletli ilat ýaşaýardy, köpüsi ýurtdan göçüp gitdi" - diýip, ýerli hökümet edaralarynyň biriniň işgäri adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüň berdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, köpçülikleýin zähmet migrasiýasy we ýurtdan hemişelik gidýänleriň sanynyň köpelmegi sebäpli ilat sanynyň azalmagy bilen birlikde ölüm derejesi we çaga dogluşynyň pes bolmagy ýaly ýagdaýlar hem saklanýar.

"Demografiki ösüş gaty pes. Maşgalalarda çagalar az, köp çagaly maşgala ýok diýen ýaly. Soňky 15 ýylda maşgalalarda iň köp 2-3 çaga bolýar. Deňeşdirmek üçin hatda 1990-njy ýyllarda-da 6-8 çagaly maşgalalar bolýardy, indi beýle däl" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Hökümetiň yglan eden ilat sanynyň görkezijileri ýönekeý raýatlary-da geň galdyrdy.

"Ýurduň ilatynyň azalandygyna hiç kim şübhelenmeýär. Belki-de, häkimiýetler hemmäni birnäçe gezek sanandyr, hatda ölenleri hem sanan bolmaklary mümkin" - diýip, türkmenbaşyly söhbetdeşimiz aýtdy.

Tas 17 ýyllap ilat sany barada hasabat bermedik Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda dogluş we ölüm derejesini görkezýän maglumatlary hem köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Ýurduň ýedi million ilaty baradaky resmi beýany Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem ara alyp maslahatlaşýarlar.

"Baýramalyda hiç kim 7 million adam baradaky resmi sanlara ynanmaýar. 1995-2000-nji ýyllarda [ýurtda] 5 million adam bar diýen san çap edilende-de hiç kim ynanmady.Emma şol döwürde häkimiýetler käbir zatlary edýärdi.

Buluçlara pasport berildi we olar türkmen diýlip hasaba alyndy. Şol döwürde hemme ýerde adam köpdi.Indi hatda uly şäherçeler-de boş, käwagt köçelerde diňe bir-iki adamy görüp bolýar.

Diňe bazarlarda adam göze ilýär.Käbir obalarda erkek ýok diýen ýaly.Erkekler öňden bäri iş gözläp gitdiler.Indi aýallar hem köp gidýärler " - diýip, Marydaky çeşme gürrüň berdi.

Azatlygyň çeşmeleriniň, garaşsyz media neşirleriniň we halkara guramalarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan onlarça ýyl bäri uly migrasiýa akymy saklanýar, ýylda ýüzlerçe müň adam ýurtdan gidýär. Gidenleriň aglaba köpüsi yzyna dolanmaýar we ýene uly bölegi mümkinçiligi bolsa yzyna gaýtmagy planlaşdyrmaýar. Agyrlaýan sosial-ykdysady meseleler, köpçülikleýin işsizlik, korrupsiýa adamlary täze mümkinçilikleri gözlemäge mejbur edýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa temasyny resmi taýdan agzamaýarlar, ýurtdan gidenleriň sanyny görkezýän maglumatlary çap etmeýärler.

14-nji iýulda Döwlet statistika komitetiniň başlygy 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini yglan etdi we Türkmenistanyň umumy ilatynyň 7 million 57 müň 841 adamdygyny mälim etdi.

Ondan öň iň soňky gezek resmi statistika 2006-njy ýylda çap edilipdi we ýurtda 6,7 milliondan gowrak adamyň ýaşaýandygy öňe sürlüpdi. 1995-nji ýylda ýurduň häkimiýetleri 4,5 million ilatyň bardygyny aýdypdy, ondna öň 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň ilatynyň 3,7 milliondygy aýdylypdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Balkanda ilatyň gaz töleginiň möçberi sarp edilen gazyň mukdaryna görä däl-de, jaýyň tutýan meýdanyna görä kesgitlenýär
Balkanly goja: Jaý satyn almak beýlede dursun, güzeranymyzy zordan aýlaýarys
Goşun gullugyndan ir boşajaklaryň 'para möwsümi' başlandy
Türkmenbaşyda "gaz tygşytlamak we metan syzmalaryny azaltmak" üçin tamdyrlar ýumrulýar