Hytaýly astronomlar Aýyň garaňky tarapynda pagta çigidini gögertmegi başardylar.Mundan ozal hem Ýeriň hemrasynda tohum gögertmek üçin synanyşyk edilipdir.Ilkinji synanyşykda şinelän pagta çigidi gysga wagtdan gurapdy. “Chang’e 4” kosmos gämisi şu ýylyň başynda Aýyň biziň görmeýän tarapymyza gonupdy.
Mälim bolşy ýaly, Aýyň öz okunyň daşyndaky hereketi bilen Ýeriň daşyndan edýän aýlawy deňeçer bolansoň, biz onuň diňe bir tarapyny görýäris. “Chang’e 4”-de Aý mikroekoulgamy (Lunar Mikro Ekosystem — LME) atly agramy 2,6 kilogramlyk emeli biosfera bar.
Bu biosferanyň içi bilen bolsa käbir janly organizmler hem Aýa iberilipdi.Uzynlygy 18 sm, ini 16 sm bolan LME-niň içinde Ýerdäki howa şertleri döredilen.Onuň içinde pagta, kartoşka, şalgam, klopownik we siňek bar.
Ilkinji synanyşykda şinelän pagta çigidi tiz wagtdan gurapdy.Soňky synanyşykda bolsa pagta çigidiniň gögerendigi we iki ýaprak çykarandygy mälim edildi.LME çigidiň gögermegi üçin amatly bolan 1 atmosfera basyşyny döredýär.
Bu ýerdäki topragyň ýylylygy amatly şertlerde saklanýan hem bolsa, kosmosdaky grawitasiýanyň azlygy we radiýasiýanyň köplügi ösümligiň ulalmagyna päsgel berýär.Taslama ýolbaşçylyk edýän Şi Gengşin “Chang’e”-niň agyrdygy sebäpli 3 kilogramdan az bolan enjamyň içinde ekin ekmeli bolandyklaryny, beýleki ösümlikleri hem ekip görýändiklerini aýdýar.Mundan ozal Halkara Kosmos Bekedinde ösümlikler ösdürilip ýetişdirilipdi.
Emma Aýyň ýüzünde ilkinji gezek tohum gögerdi.Bu tohumlaryň iki hepdeden gurajakdygy mälim edildi.Sebäbi Aýda gijesine howa aşa sowuk bolýar. Şol sebäpli onuň ýylylygyny uzak wagtlap saklap bolmaýar.
Hytaýyň Aý taslamasynyň çäklerinde kiçeňräk jandarlary hem ibermek meýilleri bar.Emma häzirki wagtda iberilýän enjamlar gerekli mukdarda kislorod äkiderden kiçiräk. Şi Gengşin enjamyň içindäki kislorodyň bir pyşbaga 20 gün ýetjekdigini aýdýar.
Indiki ýylyň başynda uçuryljak “Chang’e 6” enjamy bilen täze organizmler Aýa iberiler.