Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan Aýbölek mebel kärhanasy Gazagystanyň orta mekdepleri üçin mebel önümlerini taýýarlamaga girişdi. Bu babatda kärhananyň wekilleri bilen gazagystanly telekeçileriň arasynda 22-nji iýulda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Bu barada Turkmenportal web saýtynyň redaksiýasyna Aýbölek kärhanasynyň hünärmeni habar berdi.
Hyzmatdaşlyk şertnamasyna laýyklykda, Gazagystanyň häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan 2 sany umumy bilim berýän orta mekdebine Aýbölek kärhanasynda öndürilen okuw partalary, oturgyçlar we synp tagtalary, şeýle-de beýleki zerur bolan okuw mebelleri iberiler. Häzir kärhanada daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin köp mukdardaky sargyt önümleri taýýarlanyp başlandy.
Belläp geçsek, Aýbölek mebel kärhanasy bu günki günde Gorjaw geňeşliginiň çäginde gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri üçin hem köp sanly mebel önümlerini taýýarlaýar.
Şeýle-de okaň: