Aýbölek mebel kärhanasy täze okuw ýylyna çenli Türkmenistanyň mekdepleri üçin partalaryň we oturgyçlaryň köp sanly toplumlaryny öndürer.
Mebelleriň önümçiliginde we olaryň taýýarlanylmagynda ekologiki arassa materiallardan peýdalanylýar, berk demir çarçuwalar bolsa önümleriň ykjamlygyny we uzak möhletleýin hyzmat etmegini üpjün edýär.
Eýýäm 20 ýyl töweregi wagt bäri Aýbölek mebel kärhanasy mekdepler, çagalar baglary, medeniýet merkezleri, hassahanalar hem-de saglyk öýleri üçin mebelleri yzygiderli we üstünlikli taýýarlamak bilen, jemgyýetçilik guramaçylyk edaralaryny mebeller bilen üpjün edip gelýär.
Kärhananyň hünärmenleriniň ussatlyk bilen alyp barýan işleri döwlet tarapyndan hem yzygiderli ýokary derejede bahalandyrylýar. Aýbölek mebel kärhanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna atly ýubileý medallaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.
Kärhananyň diňe bir köpçülikleýin adaty mebelleri öndürmek bilen birlikde, özbaşdak sargytlar esasynda mebel toplumlaryny hem taýýarlaýandygyny aýtmak bolar. Materiallar we gerekli enjamlar üçin bahalaryň giň görnüşli bolmagy mebelleri orta we ýokary bahalarda öndürmäge mümkinçilik berýär.
Habarlaşmak üçin:
Şeýle-de okaň: