Aýazly howa: Aşgabatda tok, suw kesildi. Lebapda gaz üpjünçiligi pes. Maryda birnäçe öýde ýangyn döredi

Aýazly howa: Aşgabatda tok, suw kesildi. Lebapda gaz üpjünçiligi pes. Maryda birnäçe öýde ýangyn döredi

Türkmenistanda howanyň temperaturasy adaty klimat kadalaryndan pes bolmagynda galýar.Güýçli aýazly howanyň arasynda, ýaşaýyş jaýlaryndaky merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär. Ýurduň dürli sebitlerinde ýaşaýjylaryň elektrik, gaz we suw üpjünçiligi pes bolmagynda galýar.

Käbir sebitleriň ýaşaýjylary bu hyzmatlaryň yzygiderli kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolup, ilatyň ýylynmak meselesindäki kynçylyklary dowam edýär.Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinden maglumat berdiler.Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistan Eýrana akdyrýan tebigy gazyny kesdi.

Paýtagt Aşgabat

Aýazaly howada paýtagtyň ýaşaýjylary elektrik we suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular. 15-nji ýanwarda tutuş gün diýen ýaly şäheriň "Parahat" etrapçalarynyň aglaba ýaşaýjysyna elektrik we suw berilmedi. Ilatyň suw üpjünçiligi 16-njy ýanwarda günortan ýola goýuldy.

"Paýtagtyň köne etrapçalarynda hem, suw we tok kesildi. Ýaşaýjylar şäheriň beýleki etrapçalaryndaky tanyş-bilişleriniň öýlerine baryp, olardan suw alyp gaýdýarlar" diýip, paýtagtdaky habarçy aýtdy.

Lebap welaýaty

Welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherindäki we etraplardaky, obalardaky ýaşaýyş jaýlarynyň tas ählisinde merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary işlemeýär. Öýleri ýylatmak üçin niýetlenen turbalar buz ýaly bolmagynda galýar.

Etraplaryň çetki obalarynda gaz üpjünçiligi juda pes bolup, ýaşaýyş jaýlaryndaky gaz plitalary zordan ýanýar. Hususan-da, Çärjew etrabynyň Watan, Ýasydepe, Lebap obalarynda, şeýle-de Könearyk obasynda ilat zordan çaý gaýnadyp, nahar bişirip bilýär.

"Şu ýagdaýda ilat gaz peçlerinden peýdalanyp bilmeýär. Sebäbi peji iň ýokary derejesinde ýakanyňda-da, kükürt çöp ýakan ýaly alaw görünýär. Häzir müňlerçe hojalyk ne gaz peçden, ne-de merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan peýdalanyp bilýär" diýip, sebitdäki habarçy aýtdy.

Mary welaýaty

Marynyň Tagtabazar etrabynda bolsa, gaz üpjünçiligindäki näsazlyklar sebäpli pajygaly ýagdaýlar ýüze çykdy. 13-nji ýanwardan 14-ne geçilen gije etrabyň köp obasynda, şol sanda Azatlyk, Marçak obalarynda gaz üpjünçiligi duýdansyz kesilip, soňra gaýtadan ýola goýuldy. Munuň netijesinde birnäçe ýaşaýyş jaýynda ýangyn döredi.

"Ölüm-ýitim barada hiç hili habarlar bolmasa-da, ýangyn sebäpli köp maşgala aýazly howada ýyly ýerinden hem galdy. Bu maşgalalaryň sany we olara döwlet tarapyndan haýsydyr bir kömek berlendigi barada anyk maglumat ýok" diýip, habarçy gazyň kesilmegine esasy gaz liniýasynda emele gelen näsazlygyň sebäp bolandygy barada maglumatlaryň bardygyny hem aýtdy.

Marynyň beýleki sebitlerinde hem, ýaşaýjylar aşa sowuk howanyň doňduryjy aýazyndan goranmaga çalyşýarlar. Gaz we elektrik üpjünçiliginiň pesligi, ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi sebäpli ýaşaýjylaryň köpüsi öýlerinde ýyly eginbaşlaryny geýip oturýarlar.

Azatlyk ýerli gaz, suw we elektrik üpjünçilik edaralary bilen habarlaşyp, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri we bularyň sebäpleri barada kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda dowam edýän adatdan daşary aýazly howanyň ýurt raýatlaryna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtman gelýärler. Türkmen media serişdelerinde ýurtda ýagan garyň "tebigaty has-da gözel keşbe getirýändigi" barada reportažlar görkezilse-de, ilatyň ýylynmak bilen bagly kynçylyklary asla agzalmaýar.

Prezident resmilere berk kaýinç paýlady

Ýöne bu habarlaryň arasynda, prezident Serdar Berdimuhamedow iki wise-premýere we ýurduň iki döwlet konserniniň başlyklaryna berk käýinç yglan etdi.

Wise-premýerler Şahym Abdrahmanowa hem-de ýurduň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Purçekowa, şeýle-de Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýewe "ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek" soňky gezek duýduryldy.

Prezident käýinçleriň sebäbini döwlet resmileriniň "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" diýip häsiýetlendirdi, emma adatça bolşy ýaly jikme-jik maglumat bermedi.

Türkmenistan Eýrana akdyrýan gazyny kesdi

Bu aralykda, Eýranyň we Türkiýäniň metbugat serişdeleri Türkmenistanyň 12-nji ýanwarda Eýrana eksport edýän tebigy gazyny akdyrmagy bes edendigini habar berýärler.

"Tasnim" habar gullugy muňa Türkmenistanyň içerki gaz üpjünçilik ulgamyndaky kynçylyklaryň sebäp bolandygyny aýdýar.

Bu habar barada häzirlikçe türkmen metbugatynda hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Ýangyç-energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda ilat tutuş ýylyň dowamynda, hususan-da aýazly gyş aýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi, gaz, elektrik we suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

16-22-nji ýanwar hepdesinde howanyň temperaturasy

Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiriniň habaryna görä, 16-22-nji ýanwar hepdesinde Türkmenistanda howanyň temperaturasy adaty klimat kadalaryndan pes bolmagynda galýar.

"Duşenbe güni ýurduň günorta-gündogar we gündogar sebitleri sowuk howanyň episentri, merkezi bolmagynda galýar. Howanyň temperaturasy gijelerine -15 we -20 gradusa, käbir ýerlerde -18 we -23 gradusa çenli pese gaçar" diýlip, neşir 15-nji ýanwarda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti käbir wise-premýerlere berk käýinç yglan etdi
Türkmenistan bilen Eýran oba hojalygy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny nygtady
Eýran türkmen gazyny has köp ýurda üstaşyr geçirmäge taýýardygyny aýtdy
Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  
Ermenistan we Türkmenistan gaz hem-de energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar
Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi