“Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasy Londonda “World Travel Market” sergisine gatnaşdy

“Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasy Londonda “World Travel Market” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň “Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasy 6 8-nji noýabrda Londonda geçirilen “World Travel Market” (WTM) atly halkara sergisine gatnaşdy.

Milli syýahatçylyk kärhanasynyň bu halkara sergä gatnaşmagy Türkmenistanyň syýahatçylyk kuwwatlyklaryny tanyşdyrmakda we halkara syýahatçylaryň ünsüni çekmekde möhüm ähmiýetli mümkinçilik boldy. “Ayan Travel” syýahatçylyk kompaniýasy özüniň dürli görnüşli syýahatçylyk hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Bu hyzmatlar özünde Türkmenistanyň gaýtalanmajak medeni we tebigy gözelliklerine syýahatlary guramagy özünde jemleýär.

“WTM” halkara sergisi syýahatçylyk kärhanalaryna dürli ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we mümkin bolan taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga şert döredýär. Bu öz gezeginde, Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek we daşary ýurtly syýahatçylaryň köpsanlysyny çekmek üçin täze şertleri döreder.

Türkmenistanyň Londonda geçirilen sergä gatnaşmagy, ýurduň syýahatçylyk boýunça geljegi uly ugurlaryň biridigi baradaky derejesini tassyklap, onuň halkara syýahatçylyk bazaryndaky ähmiýetli ornuny pugtalandyrdy.

“World Travel Market London” bu işewürligi ýöretmek, öwretmek we bu ugurda özara pikir alyşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe hünärmenleri bir ýere jemleýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir. Oňa geçen ýyl dünýäniň 194 döwletinden 35 müňden gowrak hünärmen gatnaşdy.

“Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasy bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri: +993 12 227005 +993 12 227014

Elektron poçta salgysy:

support@ayan-travel.net;

Resmi web-saýtlary:

ayan-travel.net

ayan-turkmenistan.travel

"Instagram" sahypasy: ayan_travel_and_tourism

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň iri syýahatçylyk operatory Ayan Travel Londondaky abraýly World Travel Market halkara sergisine gatnaşdy
Londonda syýahatçylyk sergisi geçirildi
Dubaý ýene-de syýahatçylyk rekordyny täzeledi
Londonda syýahatçylyk sergisi geçirilýär
Merkezi Aziýadaky beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky geçelgeler
MERKEZI AZIÝADAKY BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDAKY GEÇELGELER