“Aýaks” öňdebaryjylaryň hatarynda

Halkara sport gözlegleri merkezi CIES ýaşlar düzüminden iň köp oýunçysy Ýewropanyň TOP 5 ligasynda çykyş edýän klublaryň sanawyny mälim etdi.Sanawda “Aýaks” topary 1-nji orny eýeleýär.

Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäheriniň toparynyň ýaşlar düzüminde, ýagny “B” toparynda kemala gelen futbolçylaryň 22-si häzirki wagtda Ýewropanyň TOP 5 ligasynyň dürli klublarynda çykyş edýär. Ýaşlar düzüminde futbolyň tilsimlerini öwrenen 21 oýunçysy “Premier liganyň”, “Serie A”-nyň, “La Liganyň”, “Bundesliganyň” hem-de “Ligue 1”-iň klublarynda oýnaýan Portugaliýanyň “Benfika” topary 2-nji, şeýle-de Awstriýanyň “Red Bull Salsburg” kluby 20 oýunçy bilen 3-nji ýeri eýeleýär.

“Real Madridiň” “B” topary, has takygy, “Kastilýanyň” hem-de Portugaliýanyň “Sporting” toparynyň 17, “Genkiň” (Belgiýa) 16 futbolçysy ýokarda ady agzalan çempionatlarda çykyş edýär.PSW-niň, “Portonyň”, “Bazeliň” 15, “Anderlehtiň” 13, “Klub Brýuggeniň”, “Dinamo Zagrebiň”, “Barselonanyň” 11, “Kopengageniň” 10 futbolçysy Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatyndaky toparlaryň köýnekçesini geýýär. Öňdäki orunlara başga yklymdan goşulan ýeke-täk topar “Boko Huniors” bolup, argentin klubunyň 9 futbolçysy Ýewropada Günorta Amerikanyň adyndan wekilçilik edýär.

Ýene degişli makalalar

De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda ýaşlar düzüminden iň köp futbolçysy çykyş edýän toparlar:
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Italiýanyň Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy görkeziler
Türkmen telewideniýesi Belgiýanyň Pro-ligasynyň iki duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görekezer
Brýugge 17-nji gezek Belgiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy
Soňky 5 minutda çempion topar 3 gezek üýtgedi we ahyrynda 66 ýyldan soň gazanylan ýeňiş