Ylmy barlaglar: Aýak myşsalary güýçli bolan adamlarda miokard infarktyndan soň ýürek ýetmezçiligi töwekgelçiligi pesdir.
Ýaponiýanyň alymlary aýaklarynyň myşsalary güýçli bolan adamlarda miokard infarktyndan soň ýürek ýetmezçiligi töwekgelçiliginiň has pesdigini anykladylar.
TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki sanynda täze ylmy barlaglara görä, aýaklarynyň myşsalary güýçli bolan adamlarda miokard infarktyndan soň ýürek ýetmezçiligi töwekgelçiliginiň pesdiginiň anyklanandygynyň üstünde durup geçeris.
Netijesi Ýewropanyň Kardiologiýa jemgyýetiniň (ESC) saýtynda çap edilen ylmy barlaga görä, Aýak myşsalary güýçli bolan adamlarda miokard infarktyndan soň ýürek ýetmezçiligi töwekgelçiligi pesdir.
Ýaponiýanyň Sagamihara uniwersitetiniň Lukmançylyk fakulteti tarapyndan geçirilen ylmy barlagda, 2007-nji ýyl bilen 2020-nji ýyllar aralygynda ozal ýürek keseli bilen kesellemedik, ilkinji gezek miokard infarkt bolan 932 adam barlagdan geçirildi.
Miokard infarktdan soň hassahana ýatyrylan adamlaryň "quadriceps" myşsa topary testi bilen aýaklarynyň güýjüniň ölçegi geçirilen ylmy barlagda, şol adamlaryň 481-siniň myşsalary güýçli çykan bolsa, 451-iniň güýçsizdigi anyklandy. Adamlaryň 67 göteriminiň ortaça aýak myşsa güýjüne eýedigi anyklandy.
Ýewropanyň Kardiologiýa jemgyýetiniň saýtynda çap edilen ylmy barlagda mundan başgada aýak myşsalarynyň güýçlendirilmegi bilen ýürek ýetmezçiliginiň arasyndaky arabaglanşyk gözden geçirildi.
Şonuň netijesinde bolsa aýak myşsalarynyň 5 göterimlik gowulaşmagynyň ýürek ýetmezçiliginiň töwekgelçiligini 11 göterim azaldýandygy kesgitlenildi.
Ylmy barlagçylardan Sagamihara uniwersitetiniň Lukmançylyk uniwersitetiniň Fizioterapiýa bölüminden Kensuke Ueno beren beýanatynda, ady agzalan ylmy barlagyň miokard infarktdan soň ýürek ýetmezçiligi özgermegi ähtimal adamlaryň kesgitlenmeginde täsirlidigini habar berdi.
Kliniki ýagdaýda aýak myşsalarynyň güýjüni takyk ýagdaýda ölçemegiň ýeňildigini aýdan Ueno, onuň miokard infarkt geçiren adamlarda, ýürek ýetmezçiligi özgermegini öňüni aljak bejergileriň durmuşa geçirilmeginde hem kömek berip biljekdigini mälim etdi.
Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki sanynda täze ylmy barlaglara görä, aýak myşsalary güýçli bolan adamlarda miokard infarktyndan soň ýürek ýetmezçiligi töwekgelçiliginiň pesdiginiň anyklanandygynyň üstünde durup geçdik.