Aýa aýak basan adamyň penjegi satyldy

Amerikan astronawty Bazz Aldriniň 1969-njy ýylda Aýa aýak basanynda geýen penjegi auksion arkaly satuwa çykaryldy.Sotheby’s auksion öýi tarapyndan Nýu-Ýorkda guralan söwdada penjek rekord baha 2,8 million dollara satyldy.

Aýa aýak basan ikinji adam bolan Aldriniň penjeginde Apollo 11-iň nyşany hem-de E.Aldrin ýazgysy bar.Bu penjek Apollo uçuşlaryna gatnaşan astronawtlar üçin syk dokalan, ýanmaýan matadan tikilipdir.Auksion öýi penjegiň häzire çenli satylan iň gymmat penjek bolandygyny habar berdi.

Auksionyň bary-ýogy 10 minutda tamamlanandygy aýdyldy.Penjegiň 2 million dollara satylmagyna garaşylýardy.Apollo 11 missiýasyna gatnaşan Nil Armstrong bilen Maýkl Kollinsiň geýen penjekleri bolsa, Waşingtondaky Milli howa we kosmos muzeýinde saklanýar.Häzirki wagtda 92 ýaşynda bolan Aldrin 1969-njy ýylda ýoldaşy Armstrongdan soňra adamzat taryhynda aýa aýak basan ikinji adam boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Daýhanbank Türkmenistanda hereket edýän bank kartlarynyň sany boýunça birinji orny eýeledi, Aşgabatda ku
“Seltigiň” üçlemesi
Haýsy eliňde ýazýarsyň?!
Ekskawatoryň taryhyndan
Jaz sazlarynyň ilçilerirniň Türkmenistandaky çykyşlary tamamlandy
Iň ýaş 3-nji çempion