Ýer ýüzünde gök-bakja ekinleriniň müňlerçe görnüşi bar.Tomus paslynyň iň halanýan bakja ekinleriniň biri biri hem garpyzdyr.Garpyzyň ululygy, tagamy, şekili, hasyl berýän wagty babatda tapawutly bolan onlarça görnüşi bar.
Täsin garpyzlaryň biri hem daşky reňki gijeki asmany ýadyňa salýan garpzydyr.Bu garpyz baradaky maglumatlarda 1900-nji ýyllarda Amerikada ösdürilip ýetişdirilendigi bellenilýär.Emma bu garpyzyň has öňräkden bäri ekilýändigi aýdylýar.
Dünýäniň köp ýerinde ekilýän garpyzyň Gruziýada hem köp hasyly alynýar.Bu ekin bişeninde içiniň reňki gyzyl ýa-da sary bolýar.Ony diňe açyk atyzda däl, eýsem ýyladyşhana şertlerinde hem ýetişdirip bolýar.
Açyk meýdanda ekilen tohumlary howanyň 15 dereje ýylylygynda gögeriş berýär.Esasan hem, çägeli toprak onuň üçin amatly bolup, dykyz hem-de ýokary çygly topragy halamaýar. Şeýle toprakda ekilende miwesi kiçi bolýar.
Garpyzyň her joýasynyň arasy 1,5 metr, gämikleriniň arasy 70 sm edilip ekilýär. Ýazylyp ösýän baldagy 4 metre çenli ýetýär.Paçagy galyň bolup, gyşyň dowamynda saklamak üçin amatlydyr.
Ony şitil arkaly hem ýetişdirip bolýar. Şeýle ýagdaýda 14 hepdäniň dowamynda hasyl berip başlaýar.Bu garpyzyň her bir düýbi ortaça 3-4 miwe berýär.
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby