Aý textil türkmen kärhanasy ýokary hilli jorap önümlerini öndürýär

Aý textil türkmen kärhanasy ýokary hilli jorap önümlerini öndürýär

Halkara hil ülňülerine laýyk gelýän pagta we bambukdan jorap öndürmek Aý textil hususy kärhanasynyň esasy iş ugrudyr.

Kompaniýanyň çagalar we ulular üçin niýetlenen önümleri köpdürlüligi we elýeterli bahalary bilen tapawutlanýar. Dürli reňk öwüşginleri we ýerleşdirilýän şekiller müşderilere giň saýlaw mümkinçiligini hödürleýär. Öndürijiniň esasy aýratynlygy müşderiniň şahsy haryt nyşanynyň şekili ýerleşdirilen jorap öndürmegidir.

Bölek satuw, şeýle-de lomaý görnüşde ýerlenilýän harytlary öndürmekde döwrebap enjamlar peýdalanylýar. Ulanylýan ekologiýa taýdan arassa çig malyň ýokary hilli bolmagy we jorap önümçiliginde materialyň öndürilişiniň özboluşly dokalyş usulynyň peýdalanylmagy olaryň ýokary derejede berkligini, ýuwulmaga (reňki solmaýar) we dürli sürtülmelere (geýilende) çydamlylygyny üpjün edýär, şeýle hem olar çyglylygy siňdirmek boýunça gowy netijelere eýe.

Aý textiliň önümleri bilen kärhananyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Gündogar bazaryndaky Altyn asyr (D1 1122) ýöriteleşdirilen dükanynda tanşyp hem-de satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

Ak Gaýa Gurluşyk: gurluşyk we abatlaýyş üçin dürli görnüşli boýaglar hem-de reňkleýiş esbaplary
Gandaş uniform: dürli pudaklar üçin ýörite geýimleriň giň assortimenti
Aşgabatda ýeňillikli bahadan satuwa çykarylan towugyň dörtden bir bölegini buz emele getirýär
Dünýäniň iň gymmat doňdurmasy
Daluw kompaniýasy Fondital brendiniň tygşytly we täsirli ýyladyş hem-de suw ýyladyjy ulgamlaryny hödürleýär
Palestinaly Hurma Öndüriji 15 Müň Tonna Hurma Kömegini Berdi