Awtoýoly awtoulaglaryň çyralaryny sazlamak hyzmatyny hödürleýär

Awtoýoly awtoulaglaryň çyralaryny sazlamak hyzmatyny hödürleýär

Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükany müşderilere awtoulaglaryň bejeriş hyzmatlarynyň hatarynda öňki çyralaryň has göni hem-de sazlaşykly ýanmagyny üpjün edýän enjam arkaly, çyralary ýokary hilli sazlama hyzmatyny hödürleýär. Awtoulag hyzmatlar merkezi bu hyzmaty dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan, ýokary tehnologiýa eýe bolan Techno Balance Fabr optiki sazlaýjy enjamy arkaly ýerine ýetirýär.

Awtoulagyň öňki çyralarynyň ýagtylygy paýlaýşy dürli ýagdaýlara görä üýtgäp bilýär. Käbir ýagdaýda ol ýokarlygyna ýagtylyk berse, kähalatda şöhle aşaklygyna paýlanýar. Bu bolsa ulagy kadaly dolandyrmaga päsgel berip, sürüjiniň ünslüligine täsirini ýetirýär, has takygy ol ýagtylygyň düşýän ýeriniň üýtgemegi bilen öňüni has aýdyň görüp bilmeýär. Bu ýagdaýyň has oňaýly çözgüdini tapmak üçin bolsa awtoulag hyzmatlary serwislerine ýüz tutmak zerur bolýar.

Bu hyzmat Türkmenistanyň awtoulag hyzmatlary merkezleriniň hatarynda degişli ugurda köpýyllyk tejribesi bolan Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükany tarapyndan kepillikli ýerine ýetirilýär.

Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükanlarynyň salgylary:

- Aşgabat ş.: - G.Kuliýew köçesi. +99312 75-40-09 - Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16; - Berkarar söwda-dynç alyş merkezi: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady; - Mary welaýaty, Mary şäheri, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi: +993 522 5-69-82; - Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi: +993 322 6-19-19; - Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) köçesi, 54-nji jaý. +993 422 2-97-01.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Tormoz disklerini abatlamagyň howpsuzlygy kepillendirişi
Katmeriň desertleri Täze ýylda myhmanlaryňyzy haýran galdyrar
Katmer kafesi ajaýyp sowgat hökmünde üç sany süýjülik hödürleýär
Aşgabatda jaýlardaky split-ulgamlaryny sökmek çäresi ýene güýçlenýär
Xuping jewelry dükanyna gipoallergen bižuteriýalaryň täze tapgyry gelip gowuşdy
Xuping Jewelry gippoallergen bižuteriýalary 25% arzan bahalardan ýetirýär