Awtoulaglaryny paýlaşýar

Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy ulagy kärendesine berýän hyzmaty ýola goýdy.Berlinde durmuşa geçirilen “WeShare” (“Biz paýlaşýarys”) atly taslamanyň çäklerinde, ilkinji nobatda, dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän 1500 “e-Golf” kysymly ulag hyzmata hödürlendi.

Geljek ýyl olaryň arasyna “e-up!” we “ID.3” modelleri hem goşular. “WeShare” programmasy haýsydyr bir duralga zerurlyk bolman, mobil applikasiýa arkaly ulanylýan “erkin dolanyşyk” (“free-floating”) ulgamy hasaplanýar. “WeShare”, ilkinji nobatda, şäher merkezinde we otly duralgalarynyň golaýynda jemi 150 inedördül kilometr meýdany öz içine alar.

Soňlugy bilen ulaglaryň sany köpeldiler we çägi giňeldiler.Howa menzillerine barlanda olardan aýratyn töleg alynmaz.Ulagyň bir sagatlyk tölegi häzirki wagtda 19 sente barabar bolup, sentýabrdan başlap üç görnüşli nyrhnama giriziler.

Ulagy kärendesine almak üçin müşderiniň smartfonynyň, bank kartynyň we 21 ýaşyndan uly bolmagy bilen birlikde azyndan bir ýyllyk sürüjilik tejribesi talap edilýär. Şeýle hem “Lidl” we “Kaufland” ýaly azyk önümlerini paýlaýan şereketleriň şahamçalaryndaky zarýad beketlerinden peýdalanyp bilerler. Ýeri gelende aýtsak, “Volkswagen” golaýda elektrokarlaryň zarýad toruny ýaýbaňlandyrmak üçin “Schwarz Group” şereketi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýupdy.

Germaniýada kärendesine ulag sürýänleriň sany 2010-njy ýyldan bäri 14 esse köpelipdir. 2010-njy ýylda kärendesine ulag hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 180 müň töweregi bolan bolsa, şu ýylyň başynda bu görkeziji 2,46 milliona ýetipdir.

Ýene degişli makalalar

Kompýuter satuwy artdy
Türk Goranyş Firmalary IDEAS-2024-e Gatnaşýar
Google-a Samsung ýaly smartfon satmak üçin 60 ýyl gerek bolar
Analitikler 2022-nji ýylda dünýäde eplenýän smartfonlaryň satuwynyň 67% ýokarlanmagyna garaşýarlar
Dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy II çärýekde 6,9% pese gaçdy
Ýandeks saýtynyň adyny üýtgeder
Türkmenistan plastik kartlaryň önümçiligini ýola goýar