Awtoulaglardaky gara reňkli detallara we goşmaça enjamlara gözegçilik güýçlendi

Awtoulaglardaky gara reňkli detallara we goşmaça enjamlara gözegçilik güýçlendi

Şu günler Mary welaýatynda gara reňkli detallary bolan, ýa-da goşmaça abzallar bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglara gözegçilik güýçlendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

“Awtoulagyň islendik böleginde gara reňk bar bolsa, ýa-da awtoulaglardaky teker diskalary, radiator gözenekleri (örtükleri), yzy görüş aýnalary goşmaça abzallar bilen enjamlaşdyrylan bolsa, awtoulaglary göni jerime duralgalaryna alyp gitmek boýunça talaplar güýçlendi” diýip, bir ýol gözegçiligi gullugynyň polisiýasy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, öňler şeýle talaplar bilen baglylykda jerime duralgalaryna alnyp gidilen awtoulaglar degişli jerime tölegleriniň tölenilmeginden soňra, duralgalardan çykarylardy, ýöne häzir ýagdaý üýtgedi.

“Häzir sürüjiler jerime duralgalaryndaky awtoulaglarynyň gara reňkli detalyny duran ýerinde söküp, alyp gitmeli we olary awtoulagyň reňkine boýadyp, yzyna getirmeli” diýip, polisiýa işgäri aýdýar.

Şondan soňra, awtoulagyň reňkine boýadylan enjam gaýtadan yzyna dakylýar we jerime töleginiň tölenilmeginden soňra, ulagyň jerime duralgasyndan çykarylmagyna rugsat berilýär.

Polisiýa işgäriniň sözlerine görä, bu talaplar Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Mary welaýaty boýunça bölüminiň başlygynyň täzelenilmeginden soňra güýçlenipdir.

Ýerli sürüjiler, hususan-da, maliýe mümkinçilikleri pes bolan hojalyklar güýçlendirilen talaplaryň özlerine artykmaç çykdajy getirýändigini aýdýarlar.

“Pul ýagdaýy pes bolan awtoulag eýeleri degişli detallar düzedilýänçä awtoulaglaryny jerime duralgalarynda goýmaly bolýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu ýagdaý köp sanly sürüjileriň öz awtoulaglaryndan wagtlaýyn peýdalanmazlygyna, zerur bolan detallary düzetmezden olaryň köçelere çykmazlygyna sebäp bolýar.

Awtoulaglardaky reňk talaby ýerli sürüjilerde nägilelik döredýär. Olar özleriniň ulaglarda gara reňkiň gadagan edilmeginiň sebäplerine düşünip bilmeýändiklerini aýdýarlar we bu gadagançylygy soraga çekýärler.

“Gara reňki näme üçin gadagan edýärler? Tebigatda-da gije garaňky bolýar-a! Reňkdir-dä! Gara reňk hem, beýleki reňkler hem tebigatyň bize eçilen sowgady” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda indi köp ýyl bäri gara ýa-da, garamtyl, goýy reňklerdäki awtoulaglar gadagan edilýär. Dilden girizilen bu gadagançylyk boýunça resmi görnüşde düşündiriş ýa-da beýanat berilmeýär. Ýöne öňki ýyllarda häkimiýetler şeýle talaplary Türkmenistanyň yssy howa şertleri bilen düşündirmäge synanyşdylar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda awtoulaglaryň aýnalarynyň garaňkyladylmagy hem berk gözegçilikde saklanýar. Ýerli ýaşaýjylar, garaňkyladylan aýnalaryň, gaýtam, yssy howadan goranmaga ýardam berýändigini aýdýarlar.

“Häzir howa gyzanda Gün şöhleleri awtoulaglaryň içini gyzdyrýar. Awtoulagda uzak aralyga çagalar bilen syýahat etseň, kellelerinden gün geçip bilýär... Häzir adamlar Güň şöhlesinden goranar ýaly, iň bolmanda, awtoulaglaryň yzky aýnalarynyň garaňkyladylmagyna rugsat bermeli” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanda awtoulaglaryň öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk abzallar bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp, ýa-da artdyrylyp goýulýan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle-de, bellenen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryň ýüzüne tutulýan dürli örtükler gadagan edilýär.

Ýurtda awtoulaglardaky goşmaça enjamlar bilen bagly gadagançylyklar ençeme ýyl mundan ozal il arasynda şeýle awtoulaglar bilen bagly göze ilginç meýilleriň meşhurlyk gazanyp, goşmaça tilsimler bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglaryň eýeleriniň, hususan-da ýaş raýatlaryň ilat arasynda “çyraçylar” atlandyrylmagy bilen güýçlenipdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýaňy-ýakynda ýurduň günorta-gündogar welaýatynda awtoulaglarda radio antennalarynyň uzaldylyp, daşyna çykarylmagynyň hem gadagan edilýändigini, şeýle awtoulaglaryň jerime duralgalaryna äkidilip başlanandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Maryda awtoulag şaýlaryny satýan hususy dükanlar köpçülikleýin ýapyldy
Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser 250 kysymly ulagyň tanyşdyryşyny geçirdi
Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy
Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado ulagyny tanyşdyrdy
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy sargyt esasynda ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär