Awtoulaglara zarýad berýän ýol

Häzirki wagtda köp ýurtda geçirijisiz zarýad beriji ulgamlar işlenip taýýarlanýar. Germaniýada bolsa, elektroulaglara ýolda barýarka zarýad berýän ulgamyň üstünde işleýärler. Ýurduň Balingen şäherinde uzynlygy 1 kilometre ýetýän şeýle ýol gurlup, onuň ugrundaky jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalarynda geçirijisiz zarýad bekedi bolar. Bu innowatiw desgalaryň gurluşygy “Electreon” we EnBW şereketleri tarapyndan amala aşyrylar.

Bu tehnologiýa elektroulaglara hereket edýän wagty hem, duran wagty hem zarýad berip biler. Şeýlelikde elektroulaglar zarýad almak üçin eglenmezden has uzak aralyga hereket bilerler.Taslamanyň bahasynyň 3,2 million ýewro bolmagyna garaşylýar.

Zarýad beriji ulgam jemgyýetçilik ulaglary bilen bir hatarda ýeňil elektroulaglara hem zarýad berip biler.Ulgam deslapky synaglarda oňyn netije beripdir.Bu synaglar tehnologiýanyň işleýşini we howpsuzlygyny tassyklap, elektrik zolagynyň ulaglara zarýad bermek mümkinçiliginiň bardygyny görkezipdir.

Yslamberdi Tyllanurow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy

Ýene degişli makalalar

Hindistanly maşgala köne awtoulagy bilen hoşlaşyk dabarasyny gurady
Balkan: PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär
Türkiyede awtoulag söwdasy mart aýynyň rekordyny täzeledi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dänew etrabynda çalgy ýaglary öndürilip başlady
Türkiyäniň eksport görkezijleri artmaga dowam edýär