Awtoulag ussahanalarynda geçirilýän barlaglar 'işsizleriň sanyny köpeldýär'

Awtoulag ussahanalarynda geçirilýän barlaglar 'işsizleriň sanyny köpeldýär'

Türkmen häkimiýetleri 'awtoulag ussahanalary bilen alyp barýan göreşini' dowam etdirýär.Balkan sebitinde awtoulaglara hyzmat edýän kärhanalaryň işi togtadylyp, olardaky tehniki howpsuzlyk şertleri we beýleki ýagdaýlar barlanýar diýip, sebitdäki habarçymyz habar berýär.

Bu barlag 24-nji maýda başlandy we onuň 31-nji maýa çenli dowam etmegine garaşylýar.Eýýämden onlarça adamyň özi üçin döreden we başga bir topar adama gazanç mümkinçiligini beren iş ýerini ýitirjekdigi belli boldy diýip, Azatlyk bilen gürleşen hünärmenler aýtdylar.

Ussahanalaryň işiniň togtadylmagy wagtlaýyn, barlag geçýänçä’ diýlip düşündirildi. Bu barlag, aýdylmagyna görä, ýokary gözegçilik gullugynyň, tehnika we energiýa gözegçiliginiň, döwlet prokuraturasynyň, salgyt gullugynyň Aşgabatdan gelen wekilleri tarapyndan geçirilýär.

Azatlygyň habarçysy 25-nji maýda awtoulag ýuwýan, tehniki hyzmat edýän kärhanalaryň hünärmenleri bilen duşuşyp, barlagyň sebäbi, netijeleri bilen gyzyklandy.

“Awtoulaglara hyzmat edilýän ussahanalarda tehniki howupsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy netijesinde şu aýda Gyzylarbatda, Maryda we Aşgabatda üç adam ölüpdir. Şu sebäpden, bize aýdylmagyna görä, awtohyzmat kärhanalarynyň ählisinde düýpli barlag geçirip, kemçilikleri düzetmeli diýen görkezme berlipdir” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ussahanalarda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy netijesinde ýyl başyndan bäri, ýagny bäş aýda heläk bolanlaryň sany azyndan 10 adama ýetýär.

“Elektrik enjamlarynyň ulanylýan ýerleriniň ählisinde elektrik zazemlenýesiniň bolmagyny berk talap edýärler. Ýangyn howpsuzlygy meselesi bilen baglylykda kompressor enjamynyň, aftegen kebşir enjamynyň ussahananyň daşynda, aýratynlykda ýerleşdirilmegi üçin ýörite otaglaryň gurulmagyny talap edýärler” diýip, hünärmen bu aýdylýan zatlaryň dogrudygyny hem sözüne goşdy.

Barlagyň ýene bir meselesi bolsa, degişli rugsatnamasy bolmadyk ýa-da galp resminama esasynda işleýän adamlary ýüze çykarmakdan ybarat bolup görünýär.

Ýagdaýy içinden bilýän adamlaryň tassyklamagyna görä, köp ussahanada hünärmen ussalar, olaryň kömekçileri patent, işlemäge ygtyýar berýän tehniki gözegçilik rugsatnamasyny alman işleýär ýa-da, gowy barlansa, olaryň resminamalary galp, satyn alnan bolup çykýar.

“Şu aýyň başynda Gyzylarbatda bir tehniki hyzmat ussahanasynyň resminamasyz işleýän hünärmeni heläk boldy. Işläp duran wagtynda göterijiniň togy kesilip, ol awtoulagyň aşagynda galypdyr. Ussahana eýesi resminamasyz, şertnamasyz işgär almakda günäli tapyldy” diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bir tarapdan, barlag geçirilmegi, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi baradaky talap dogry; ikinji tarapdan, bu bir günde dörän ýagdaý bolman, ýyllar boýy göz ýumulýan, boýun alynmaýan agyr işsizlik, häkimiýet wekilleriniň iş açýan adamlary galplyga iteklemegi, olardan para almagy bilen bagly.

“Aşgabatdan gelen barlag sebäpli şu günler öz-özüni iş bilen üpjün edýän hünärmenleriň, awtoýuwalgalarda işleýän ýetginjekleriň ýüzlerçesi işini ýitirýär. ...döwlet olaryň bir döwüm çöregine dawa salýar” diýip, aýratynlykda gürleşilen hünärmen emele gelen ýagdaýy patent, rugsatnama almagyň öňünde döredilen emeli kynçylyklar bilen düşündirmäge çalyşdy.

“Döwletden patent, ygtyýarnama almak gaty kyn.Lisenziýa, patent almak azyndan üç ýyl çemesi wagt alýar.Güýçli tanşyň bolsa, Balkanda ortaça 30 adamy iş bilen üpjün edýän ussahana açmak üçin degişli edaralara 100 müň dollar çemesinde para bermeli.

Tanşyň, puluň bolmasa, ussahana açmak mümkin däl.Balkanabatda resminamalaryny düzedip, ýönekeý awtomoýka açmak üçin soralýan para 200 müň manat, bu 10 müň dollar çemesi pul bolýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Tehniki hyzmat ussahanlarynyň wagtlaýyn ýapylmagy sürüjiler, ulagyna seretdirjek adamlar üçin bir topar oňaýsyzlyk döretdi. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen birnäçe sürüji, şol sanda awtoulagyny hususy taksi edip ulanýan adamlar gaty kösenendiklerini’ gürrüň berdiler.

Hünärmenleriň käbiri tanyş müşderilerine öý salgylaryny berip, olaryň möhümini öz işiginde bitirmäge synandy, emma häzir hukuk goraýjy edaralaryň şugullary hemme ýerde gowy işleýär’, öýünde işlän ussalar tutulyp, jerime töläp, gaýdyp öýlerinde işlemez ýaly boldular diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, 2019-njy ýylyň maý aýynda, şol wagtky prezidentiň tabşyrygy Aşgabatda hususy söwda nokatlarynyň, dellekhanalaryň, gözellik salonlarynyň we fitnes merkezleriniň köpçülikleýin ýapylmagyna, ýüzlerçe adamyň işini ýitirmegine sebäp bolupdy.

Resmi Aşgabat ýurtdaky işsizlik, korrupsiýa ýagdaýy barada çykýan habarlara reaksiýa bildirmeýär.

Türkmen häkimiýetleriniň wagtal-wagtal barlag geçirip, özüni iş bilen üpjün edýän adamlaryň iş şertlerindäki kemçilikleri ýa düzgün bozmalary ýüze çykarmagy soňky onýyllyklarda adaty zada öwrüldi we Azatlyk ýurtda iş açjaklara döredilýän emeli päsgelçilikleriň sebäbi, Zähmet kodeksiniň berjaý edilmezligi barada hiç resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Howandarlyga mätäç çagalara paýlanýan haýyr-sahawat ýardamlarynyň üstünden egsilip berilýär