Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri

Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri

Ukrainadaky “Mežigorýe” rezidensiýasynyň, Gazagystandaky Akorda, Türkmenistandaky “Oguzhan” köşgüniň we Türkiýedäki Prezident toplumynyň arasynda nähili umumylyklar bar? Olaryň ählisi ägirt uly territoriýalary eýeleýärler, gaty köp pula guruldy we olar öz kaşaň bezegi bilen magtanyp bilýär. Bular baýlygyň we awtoritar güýjüň ýadygärlikleri.

Ine, dünýäniň iň uly prezident köşkleri, ol ýerde kaşaňlyk syýasy güýç bilen ýanaşyk gelýär.

UKRAINA, Täze Petrowtsi: “Mežigorýe” rezidensiýasy

“Mežigorýe” Ukrainanyň premýer-ministri we prezidenti wezipesinde işlän döwründe, Wiktor Ýanukowiçiň bolýan ýeridi. Ol 2014-nji ýylda Ýewromaýdan protestleri netijesinde Russiýa gaçmazdan öň, şol ýerde ýaşaýardy. Indi bu köşk "korrupsiýa muzeýi" boldy. Häzir ol ýerde maşynlaryň dürli görnüşleri, golf meýdançasy, haýwanat bagy, suw çüwdürimleri, dikuçar meýdançasy, hatda ybadathana bar. Bu “eksponatlaryň” ählisi öňki lideriň baý durmuşyny görkezýär.

BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI, Abu-Dabi: Kasr al- Watan

Birleşen Arap Emirlikleriniň Kasr al-Watan prezident köşgi bolup, onuň gurluşygy 2017-nji ýylda tamamlandy. Ol 2019-njy ýyldan myhmanlar üçin açyldy. Köşgüň bahasy 490 million dollar. Bu binada taryhy arheologik tapyndylar we golýazmalar, daşary ýurt diplomatlarynyň BAE sowgat eden zatlary saklanýar.

TÜRKIÝE, Ankara: Prezident toplumy

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan üçin Ak Saraý köşgi Ankarada 2014-nji ýylda gurlup tamamlandy.Ol öňki tokaýyň territoriýasynda guruldy.Bu binada 1100-den gowrak otaglar bar.

Resmi taýdan onuň bahasy 615 million dollara golaý.Emma tankytçylar hakyky bahanyň has ýokarydygyny aýdýarlar.Toplumyň içinde 3 müňe golaý adam üçin metjit bar hem 4 milliondan gowrak kitapdan ybarat bolan Türkiýäniň iň uly kitaphanasy ýerleşýär.

RUSSIÝA, Gelenjik: "Putiniň köşgi"

Bu köşk toplumy Gelenjik şäheriniň golaýyndaky Gara deňziň kenarynda ýerleşýär.Aýdylyşyna görä, ol Wladimir Putiniň ýaşamaly ýeri saýylýar.Köşk barada ilkinji maglumat 2010-njy ýylda peýda boldy. 2021-nji ýylda Orsýetiň oppozision lideri Alekseý Nawalnyý (merhum) köşgüň 1,4 milliard dollara golaý bahadan, Russiýanyň prezidenti üçin gurlandygyny tassyklap, barlag dokumental filminde çykyş etdi.

Barlagçylaryň aýtmagyna görä, toplumda ýerasty hokkeý stadiony, teatr, şerap otagy we ybadathana bar.Köşgüň ýokarsyndaky asman uçuşa rugsat berilmeýän zolak bolup, uçarlar we dikuçarlar köşgüň üstünden uçup geçmeli däl.

Putin bu emläk bilen baglanyşygynyň bardygyny inkär edýär.Rus oligarhy we Putiniň dosty Arkadiý Rotenberg köşgüň özüne degişlidigini aýdýar.

RUSSIÝA, Moskwa oblasty: Nowo-Ogarýowo

Nowo-Ogarýowo Wladimir Putiniň döwlet ýaşaýyş jaýy.Ol Moskwanyň daşynda ýerleşýär.Bina 1950-nji ýyllarda ulanylmaga diklenildi. 2000-nji ýylda onda giň göwrümli rekonstruksiýa işleri geçirildi.Käbir maglumatlara görä, topluma ýene birnäçe pudaklar goşulypdyr, şol sanda Federal gorag gullugyna degişli dynç alyş kompleksi, dikuçar meýdançasy, hatda howa goranyş ulgamlary hem goşulypdyr.

Putiniň bolýan ýerini Federal gorag gulluk toplumy bilen baglanyşdyrýan ýerasty tunel bar diýip hasap edilýär.

GAZAGYSTAN, Astana: Akorda

Akorda — Gazagystanyň prezidentiniň rezidensiýasydyr. Ol 2004-nji ýylda, paýtagtyň Almatydan Astana geçirilmeginden 7 ýyl geçenden soň tamamlandy. Binanyň ilkinji eýesi Nursoltan Nazarbaýew boldy. Köşge 2019-njy ýylda ikinji prezident Kasym-Žomart Tokaýew geldi.

Akordanyň ýedi gatynyň ikisi ýerden aşakda bolup, olar tehniki we hojalyk-dolandyryş otaglary hökmünde ulanylýar. Ýer üstündäki gatlaryň bäşisi kitaphana, ofisler we köp sanly zallar bolup; şol sanda Gündogar, Mermer, Altyn, Owal (süýri), Gümmezli zallary, giň gepleşikler zaly hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň zaly bar.

Merkezi baş girelge 1800 inedördül metr meýdany tutýar.Binanyň umumy meýdany 36 müň inedördül metrden geçýär.

Prezidentiň web-saýtynda Akordanyň düzümine “Baýterek” we “Kazak eli” ýadygärlikleri, Parahatlyk köşgi, söwda we göwün açma merkezi hem-de "Han Şatyr" girýändigi üçin, ol şäher binagärlik toplumynyň kompozisiýa merkezi diýlip atlandyrylýar.

Akordanyň gurluşygynyň bahasy aýan edilmedi. Prezidentiň iş dolandyryjysy Azatlyk Radiosynyň sowalyna jogap edip, bu maglumatyň çäkli elýeterlilige degişlidigini aýtdy.

TÄJIGISTAN, Duşanbe: Millet köşgi

2008-nji ýylda gurlan "Millet köşgi" Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň resmi rezidensiýasy hasaplanýar.Onuň gurluşygyndan öň 100 ýyllyk sinagoga we töwerekdäki beýleki binalar ýykylmaly edilipdi, bu bolsa rezonans döretdi. 300 million dollarlyk köşgüň daş-töweregini seýilgähler, çeşmeler we beýleki özüne çekiji täsinlikler gurşap alýar.

Olaryň arasynda Garaşsyzlyk monumenti we beýikligi 165 metr bolan Duşanbe flagştoky bar.Ol bir wagtlar dünýäde iň beýik baýdak sütüni bolupdy.

TÜRKMENISTAN, Aşgabat: “Oguzhan” prezident köşgi

“Oguzhan” toplumy Türkmenistan döwletiniň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň resmi rezidensiýasy we iş ýeri bolup hyzmat edýär.Köşk gadymy türkmen nesilbaşysynyň adyny göterýär.Prezidentler bu köşkde 1990-njy ýyllaryndan bäri işleýärler. 2011-nji ýylda täze köşk we goşmaça desgalar guruldy. Şu maksatlar üçin 350 million dollara golaý pul harçlandy.

Häzirki wagtda köşgüň öňünde Kabul ediş öýi we dabaralar hem-de beýleki döwlet çäreleri üçin meýdança ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň 'Nezawisimaýa Gazeta' neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowa hüjüm etmekde günälendi
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Prezidentiň ýüz keşbini nädip unutman saklanmaly? Türkmen TW-si reformalara barýar
A.Dubnow: “Moskwa Türkmenistan üçin ynamdar ýarandygyny görkezmäge çalyşýar”
Teatra örkli ömür
Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar bir adamyň irden turan mahalyndaky özüni duýuşyna bagly bolmaly däl