Awtonom taksiler peýda bolar

Tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen has köp awtomatlaşdyrylan awtoulaglar peýda bolýar.Bu bolsa sürüjiniň işini ýeňilleşdirýär. Ýakyn geljekde dolulygyna özbaşdak hereket edýän ulaglaryň hem ýaýbaňlanmagyna garaşylýar.Häzirki wagtda dünýäniň ABŞ, Hytaý we Singapur ýaly ýurtlarynyň käbir iri şäherlerinde çäkli aralykda şeýle taksiler ulanylýar. Özbaşdak hereket edýän taksileri “Tesla” kompaniýasy hem satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.

Bölek söwda bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasy hem “Zoox” atly şeýle ulagy işläp taýýarlaýar.Bu ulagda sürüjä degişli hiç zat göz öňünde tutulmandyr.Ulagyň ýene bir artykmaçlygy iki tarapa hem hereket edip bilmegi, ýagny onuň öňi ýa-da yzy ýok.

Bu ulagyň geljek ýyl Las Wegasda hyzmata hödürlenmegine garaşylýar.

Özbaşdak hereket edýän ulaglaryň sanynyň artmagy bilen şeýle awtoulaglardan düzülen floty bolan taksiçilik kompaniýalarynyň hem döremegine getirer. “McKinsey & Co.” atly maslahat beriş kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli awtonom taksi bazarynyň dünýäde 1,3 trillion dollar girdeji getirip biljekdigini çaklaýar.

Begmämmet Bekmämmedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Konor Makgregoryň Dastin Porýe bilen üçünji söweşi resmi taýdan tassyklandy
Iň kiçi ulaglar
Hüjümçilerden köp gol geçiren derwezeçiler
Toni Fergýusonyň indiki garşydaşy belli boldy
MakGregor bilen Porýe söweşini ýanwarda geçirmegi ylalaşdylar
22-nji oktýabr: ussat derwezeçileriň doglan günleri