Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna iş sapary barada

16-21-nji ýanwar aralygynda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Halkara ýol ulaglarynyň ýük daşamalary we üstaşyr ulgamlar boýunça departamentiniň direktory hanym Tatýana Reý-Belle we bu departamentiň geňeşçisi Wahtang Zarandiýa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda iş saparynda boldular.

Gullugyň başlygy, wekiliýeti kabul edip, olar ikiçäk duşuşdy.Duşuşykda, halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan haryt-ulag ýanhatynyň elektron, sanly görnüşine geçmekde amala aşyrylmaly çäreler, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr we ikitaraplaýyn halkara awtoulagly ýük daşamalarynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek, halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlylaşdyrmak we ýükler barada deslapky maglumatyň berilmegi boýunça wezipeler hem-de TIR ulgamy arkaly ulag-üstaşyr howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň dowamynda, daşary ýurtly myhmanlar türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän Artyk gümrük nokadyna baryp, bu ýerde gümrük işiniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin döredilen döwrebap şertler, gümrük amallaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, halkara ýük daşamalarynda TIR kitapçalarynyň resmileşdirilişi, üstaşyr ýükler barada deslapdan maglumatyň ulanylyşy we ýaşyl geçelgeleriň işi bilen ýakyndan tanyş boldular.

Şeýle hem, Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda halkara geňeşçi Wahtang Zarandiýanyň we Gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň hem-de Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň işgärleriniň arasynda iş duşuşyklary geçirilip, onda halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlylaşdyrmak işiniň tehniki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular
Ispaniýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
17 ýaşynda tutuş dünýäni aýlanan iň ýaş uçarman boldy
Rekordçy doganlar
Ispaniýadaky Tokaý Ýangynlary Dowam Edýär
Dünýäde iň köp welosiped sürülýän ýurtlar haýsylar?