Awtomatlaşdyrylan ulagy nähili sürmeli ?!

Awtomatlaşdyrylan geçirijisi bolan awtoulaglarda käbir ýalňyş endikler geçirijiniň çalt zaýalanmagyna getirip biler.Olardan ilkinjisi awtoulagy gyzdyrman sürmekdir.Gürrüň geçiriji barada bolanlygy üçin awtoulag ýola çykmazdan ozal, esasan hem, gyş aýlarynda ilki bilen hereketlendirijisi gyzdyrylmalydyr.

Gyş aýlarynda howa şertleri sebäpli geçirijiniň ýagy düzümini üýtgedýär. Şol sebäpden hem, suwuklyk basyşy astynda işleýän bölümlere goşmaça ýüklerden gaçadurmak we bu ulgamlaryň könelmegini azaltmak üçin geçirijini gyzdyrmak peýdalydyr.

Awtoulag otlanandan soňra birnäçe minudyň içinde hereketlendirijiden gelýän gyzgynlyk geçirijini hem ýyladyp, ýagyň has ýerlikli aýlanmagyna kömek eder.Awtoulag herekete başlanyndan soňra tizligi birden ýokarlandyrmak maslahat berilmeýär. Ähli ulgamyň sazlaşykly işe girişmegini gazanmak üçin awtoulagyň ilkinji hereketleri has rahat we birsydyrgyn bolmalydyr.

Awtomatlaşdyrylan geçirijilere zyýanly hereketleriň ýene biri bolsa, awtoulagy uzak aralyga çekdirip äkitmekdir.Elbetde, käbir ýagdaýlarda awtomat geçirijili awtoulaglary hem çekdirmeli bolýar, ýöne uzak aralyga gidilmezligine we tizligiň birsydyrgyn bolmagyna üns berilmelidir. Şeýle ýagdaýlarda 50-50 düzgünini ýatdan çykarmaly däl. Ýagny, awtomat geçirijisi bolan awtoulaglar 50 kilometrden uzaga çekip äkidilip bilinmez, şeýle hem tizlik sagatda 50 kilometrden geçmeli däldir.

Bu ýagdaý ünsden düşürilen halatynda geçirijiňiziň ulanyş möhletini öz eliňiz bilen azaldarsyňyz.

Öňe (D), yza (R) ýa-da bitarap (N) sürüş tertipleriniň arasynda geçiş amala aşyrylanda awtoulagyň doly durýandygyna üns beriň we beýleki tertibe geçýänçä aýagyňyzy togtadyjy pedaldan aýyrmaň!Siziň islän sürüş tertibiňize geçeninden soňra awtoulagyň özi göýä buzuň üstündäki typyjy ýaly erkinlik bilen çalaja tizlener. Şondan soň siz arkaýyn ýoluňyza dowam edip bilersiňiz. Şeýle hem bitarap (N) sürüş tertibinde köp saklanmazlyk we ony köp ulanmazlyk maslahat berilýär.

Geçişler dogry amala aşyrylmadyk ýagdaýynda awtoulagyň geçirijisiniň mehaniki göwresi bilen bir hatarda hereketlendiriji ulgama hem zeper ýeter.

The post Awtomatlaşdyrylan ulagy nähili sürmeli ?! appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Hytera” türkmen bazaryna girmek mümkinçiliklerini öwrenýär
Önümlerde işçi yhlasy bar
"Demirýollary" AGPJ halkara ýük daşalyşyny onlaýn görnüşde resmileşdirer
Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar
Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi