Awtomatlaşdyrylan täsin enjamlar

Awtomat enjamlar täze oýlap tapylan zatlaryň esasynda düýpgöter üýtgedi. Žeton bilen işleýän ilkinji awtomat enjam 1880-nji ýyllaryň başlarynda Angliýada ulanylyp başlanýar.Bu enjam otkrytka paýlaýan eken.

Awtomatlaşdyrylan tehnologiýanyň dürli ugurlarda has ösen häzirki döwründe şeýle enjamlaryň örän täsin görnüşleri hem bar.Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!Banan: Tokiodaky Sibuýa wokzalynyň ýolagçylary bu ýerdäki enjamdan banan alyp bilerler.

Enjam müşderileriň islegine görä, bir sany ýa-da bir salkym banan berýär.Enjam isleg bildiren harydyňyzy torba salmagy hem “unutmaýar”.Ýumurtga: Ýaponiýanyň Nagoýa şäheriniň köçelerine ýerleşdirilen enjamlar her gün ir säher biler täze ýumurtgalar bilen doldurylýar.

Her gaba 10 ýa-da 12 sany ýumurtga salnypdyr.Pizza: Ýewropanyň dürli şäherlerinde pizza berýän enjamlar bar.Müşderiler ozal azda-kände taýýar edilen pizzany sargyt edeninden soňra 3 minut garaşmaly bolarlar.

Bu enjam hamyry ýugurýar we üstüne siziň islän zatlaryňyzy goşýar.Püre: Dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolan Singapurdaky köçelerden gyzgynjak kartoşka püre alyp bilersiňiz.Çörek: Parižiň köçelerinde we gelim-gidimli ýerlerinde islän wagtyňyz çörek alyp bilersiňiz. Çörekler azda-kände bişirilip bu enjamyň içine goýulýar.

Müşderiniň aljak wagty çörekler doly bişirilip berilýär.Tüwi: Ýaponiýanyň Himedzi şäherindäki awtomat enjamy tüwiniň 8 görnüşlisini satýar.Doňdurma: ABŞ-da sensor ekranly awtomatlaşdyrylan enjamdan 96 görnüşli alyp bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

“Hytera” türkmen bazaryna girmek mümkinçiliklerini öwrenýär
Önümlerde işçi yhlasy bar
"Demirýollary" AGPJ halkara ýük daşalyşyny onlaýn görnüşde resmileşdirer
Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar
Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar
Awtomatlaşdyrylan ulagy nähili sürmeli ?!