Awtomatlaşdyrylan Honda awtoulaglary

Sürüjisiz awtoulaglaryň sürüjiden özbaşdak hereket edip bilmek ukybyna görä 0-dan 5-e çenli dereje berilýär. Şu maksat bilen belli bir tizligini gözegçilikde saklap bilýän ikinji derejeli ulaglar häzirki wagtda giňden ulanylýar.

Bu ulaglarda sürüjiler ünsli hereket edip, islendik ýagdaýda dolandyryşy gözegçilikde saklamaga taýýar oturmaly bolýarlar.Tesla kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan bäşinji derejeli ulaglarynda bu ýagdaýyň aradan aýrylmagyna garaşylýar.

Awtoulag kompaniýalarynyň sürüjisiz ulaglara bolan aýratyn ünsi gelejegiň awtoulag senagatyny, şeýle-de satyjylaryň we alyjylaryň ulag bazary boýunça düşünjelerini kämilleşdirer.

Ýakynda Honda kompaniýasy üçünji derejeli sürüjisiz ulag tehnologiýasy ornaşdyrylan awtoulaglarynyň önümçiligine girişjekdigini mälim etdi. Şeýlelikde, Honda kompaniýasy üçünji derejeli sürüjisiz ulaglary uly möçberde öndürjek ilkinji kompaniýa bolar. Üçünji derejeli awtoulaglaryň öz-özüni dolandyrmak ukyby has ýokary bolsa-da, sürüjiler seresaplylygy elden bermeli däldirler. Şunuň ýaly tehnologiýa kompaniýanyň Honda Legend awtoulagyna ornaşdyrylar.

Legend-iň 2021-nji ýylyň martyna çenli Ýaponiýada elýeterli bolmagyna garaşylýar.

The post Awtomatlaşdyrylan Honda awtoulaglary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

"Honda" öz-özüni dolandyryp bilýän awtoulaglary satuwa çykarmaga hyýallanýar
Awtomatlaşdyrylan sürüş tehnologiýasyny ösdürýär
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Elektroulagda Aziýa öňde
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Boks Basleşikleriniň Legendar Alyp Baryjysy Aýhan Ginnesiň Rekordlar Kitabyna Girdi