Awtobus petekleriniň onlaýn satuwy gurnaldy

Indi şäherara awtobuslaryna petegi kassadan, ykjam telefondan ýa-da öz-özüňe hyzmat ediş terminalyndan alyp bolar.

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigi we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” kompaniýasy awtomenzil.gov.tm saýtynda awtobus peteklerini satyn almak üçin onlaýyn hyzmaty ornaşdyrdylar.

Gitmezden on gün öň onlaýn-petekleri satyn almak diňe bir oňaýly bolman, eýsem aşa aňsatdyr.Jemgyýetçilik ýerlerinde şäher awtowokzallarynda, bazarlarda, söwda merkezlerinde we ş.m ýerlerde oturdylan terminallarda goşmaça sensor düwme peýda boldy.

Müşderi terminalyň ekranyndaky menýunyň ýa-da gözleg setiriniň kömegi bilen gitjek senesini we wagtyny, ulgamyň talap edýän rekwizitlerini görkezýär.Hakyny töläniňizden soň siz awtobusa elektron petekli bolýarsyňyz.

Ykjam telefondan ýa-da kompýuterden petek almak üçin “Altyn Asyr” bank kartyndan peýdalanyp bolar. Telefonyň eýesine öz telefon belgisini, pasport maglumatlaryny, gitjek wagtyny görkezmek ýeterlikdir.

Operator talapnamany işländen soň görkezilen telefona elektron petek ugradylar. Awtobusa münülende elektron petegiň çap edilen görnüşini görkezmek hökman däl, diňe pasportyňy görkezäýmeli. Uzak ýola gatnaýan awtobuslaryň ählisi POS-terminallar bilen üpjün ediler, olaryň kömegi bilen töleg awtomatiki usulda barlanylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta kompaniýasy ýükleri ugratmak işlerini kämilleşdirýär
Türkmenpoçta ýükleri ýollamak hyzmatynyň nyrhnamasyny arzanlatdy
Türkmenpoçta: ýükleri Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly we çalt eltip bermek
Arkadagda suw gyzdyrýan gazanlaryň operatorlaryndan “öz islegi boýunça” bagban wezipesine geçmek talap edilýär
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar
Robot demirýolçy işe başlady
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Seulda geçirilen çärä gatnaşdy