Awtobus, demirýol transportyndaky bökdençlik, ýol-ulag hadysalary ilaty alada goýýar

Awtobus, demirýol transportyndaky bökdençlik, ýol-ulag hadysalary ilaty alada goýýar

Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemgyýetçilik transport hyzmatlarynyň kemçilikleri, awtobuslaryň we otlularyň köp ýerde düýpden gatnamaýandygy, ýollaryň ýaramazlygy zerarly döreýän ulag hadysalary, şol sanda agyr şikes ýetmelere we ölümlere getirýän halatlary ilat arasynda nägilelikleri we aladalanmalary artdyrýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri häkimiýetler tarapyndan ýeterlik üns berilmeýärkä, ýagdaýyň agyrlaşýandygyny aýdýarlar.

Demirgazyk Daşoguz welaýatynda awtoulag ýol hadysalary köpelip, ölüm hadysalary artýar diýip, ýerli çeşmeler yzly-yzyna habar berýärler.

Ýol hadysalarynyň resmi statistikasy çap edilmeýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan daşoguzly kanun goraýjylary munuň esasy sebäbiniň welaýatdaky awtoýollaryň hatardan çykmagy, ýollaryň soňky onýyllyklaryň dowamynda talaba laýyk bejerilmändigi bilen baglydygyny belleýärler.

"Awtoýollaryň çukurly, howp-hatarly bolmagy hem adam ýitgilerine getirýän awariýalaryň sanyny artdyrýar" diýip, çeşme aýdýar.

Ýeke-täk transportBejerilmedik ýollar köpelen awtoulaglaryň gatnawyna çydamaýar. Jemgyýetçilik transportynyň örän azdygy sebäpli, hususy transport, taksiler ilat köpçüligi üçin ýeke-täk gatnaw serişdesi bolýar.

"Ýurtda umuman we Daşoguzda hususan, taksi ulagy bu günki günde ilat üçin şäherara we şäherýaka transport gatnawlarynyň ýeke-täk görnüşi bolup durýar. Welaýat merkezinden etrap merkezlerine, etrap merkezlerinden obalara gatnaýan awtobuslaryň ugurlarynyň gürlügi we reýsleriniň ýygylygy ep-esli kemeldi" diýip, daşoguzly çeşmeleriň ýene biri aýdýar.

Onuň sözlerine görä, obalara gatnaýan awtobuslar ýek-tük saklanyp galan ýerlerinde hem günüň dowamynda bary-ýogy 1-2 reýsi ýerine ýetirýärler. Daşoguzdan etraplara gatnaýan awtobuslar hem köp halatlarda öz işini sagat 16.00-da, ýek-tük halatlarda sagat 17.00-da tamamlaýarlar.

"Netijede, şähere gatnap işleýän etraply gullukçylar, işgärler, býujetçiler işden soň taksi ýa-da hususy marşrut taksilerine münmeli bolýarlar" diýip çeşme aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Daşoguzda ýaşaýjylaryň otly bilen gatnamak mümkinçiligi hem örän çäkli bolup, otly diňe paýtagta barýar, emma etraplaryň arasynda gatnamaýar.

"Welaýatyň esasy ilatly ýerlerini birleşdirýän demirýol liniýalary bu günki günde ýolagçy otlusyz galýar. Häzirki wagtda Daşoguzdan diňe Aşgabada günde bary-ýogy 2 gezek tiz otlusy ugraýar. Bu otlular Andalyp (Ýylanly) we Görogly (Tagta) stansiýalarynda togtap geçse-de, bu, şol stansiýalar bilen ady bir etraplaryň we welaýat merkeziniň arasyndaky şäherara otly gatnawyny üpjün etmeýär " diýip, daşoguzly çeşme aýdýar.

Goşmaça gatnaw mümkinçiligiDaşoguzly demirýol işgäriniň sözlerine görä, demirgazyk welaýatdan paýtagta barýan otly etraplardaky sanlyja bu stansiýalarda saklansa-da, ýene ençemesiniň üstünden durman geçýär. Ýerli ýaşaýjylar welaýatyň ençeme ýeriniň üstünden geçýän demirýol liniýasynyň ilatyň transport zerurlyklary üçin ulanylmaýandygynyň sebäplerine düşünmeýärler.

"Demir ýol liniýasy welaýatyň demirgazygynda Zarpçy, Lawak, Tahýadaş ýaly stansiýalary öz içine alyp, Gubadag we Boldumsaz etraplarynyň çäginden geçýär, demirgazyk-günbatarda Köneürgenç we S.Türkmenbaşy (Oktýabr) stansiýalaryny öz içine alyp, ady bir etraplaryň çäginden geçýär. Ýagny, demir ýol fiziki taýdan welaýatyň Akdepeden başga ähli beýleki etraplaryna barýar.

Emma iş ýüzünde häkimiýetler Daşoguz-Görogly-Andalyp (Ýylanly); Daşoguz-Tahýadaş we Daşoguz-Köneürgenç-S.Türkmenbaşy (Oktýabr) ugurlary boýunça şäherara otlularyň gatnawyny ýola goýanoklar" diýip, Daşogzuň demirýol pudagynyň işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi we hiç bolmanda, günde 2 sany reýs ýola goýulsa-da, ep-esli ilat üçin ýol azabynyň çözüljegini belledi.

Lebapdaky ýagdaýÝurduň gündogaryndaky Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary hem jemgyýetçilik transport gatnawynyň ilatyň talaplaryny ödäp bilmeýändigini belleýärler.

Welaýatyň demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara çenli uzynlygy 600 kilometrden geçýär. Köýtendag, Magdanly ýaly şäherlerden welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabada çenli aralyk 400 kilometr töwereginde, demirgazyk Gazojakdan hem merkez Türkmenabada çenli aralyk 350 kilometr töwereginde.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen ýerli çeşmeler şeýle uly aralyklary awtobusda geçmek, onda-da onlarça ýyllap remont we bejeriş görmedik deşilip, çüýräp, çukurly ýollardan aşmak gaty howply diýip belleýärler.

"Awariýalaryň sany görnetin artdy. Köp keselli we näsag adamlar şeýle uly aralyga taksa ýa awtobusa ýaramaýar" diýip, hojambazly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Otly gatnawyHabarçymyz sebitdäki ýolagçy otly gatnawynyň ýagdaýy barada Türkmenabadyň demirýol pudagynyň işgärleri bilen söhbetdeş boldy.

Anonimlik şertinde gürleşen işgärleriň sözlerine görä, häzirki wagtda welaýatda otly gatnawlary diňe üç ugur boýunça amala aşyrylýar: "Aşgabat-Türkmenabat", "Aşgabat-Amyderýa" we "Gazojak-Türkmenabat".

"Bu üç otlynyň gatnaw tertibi hem ilata oňaýsyzlyk lary döredýär" diýip, bilermen belleýär.

Mysal üçin, Aşgabada Türkmenabatdan Amyderýanyň otlusy 17.11-de, Türkmenabadyň öz otlusy we oňa Gazojakdan 17.40-da gelýän goşmaça birikdirilýän wagonlar 18.45-de ugraýar.Bu ýagdaý nähilem bolsa düşnükli, ýöne Aşgabatdan Amyderýa gatnaýan otly Türkmenabada gije 02.20-de gelýär, bu bolsa ilat üçin uly nogsanlyklary döredýär.

Sebäbi ol otly 03.00-da Amyderýa ugraýar, netijede, Türkmenabatdan, Çärjew we Dänew etraplaryndan Kerkä we Amyderýa ugramakçy raýatlar ala garaňky gijäň ýarysynda Türkmenabat stansiýasyna gelmeli bolýarlar.

Mundan başga-da, Gazojaga günde bir gezek ugraýan 5 wagondan ybarat otly hem ilatyň talaplaryny hiç hili ödäp bilenok diýip çeşme belleýär.

Ol şäherýaka we şäherara otlularyň gatnawynda hem nogsanlyklar göze ilýändigini belledi:

"Soňky onýyllyklarda bu ugurda öňden bar bolan ähli otlular ýatyrylyp, häzirki wagtda diňe Tallymerjen-Kelif ugry boýunça durnukly däl gatnaw tertibi bilen gatnaýan şäherara otlusy galdy. Ýogsa, öň welaýatymyzda "Çärjew-Seýdi", "Çärjew-Kelif", "Kelif-Tallymerjen", "Çärjew-Repetek", "Zerger-Farap" ugurlary boýunça şäherara we şäherýaka ýolagçy otlulary gatnaýardy".

Welaýatlaryň arasyndaky transportLebap we Daşoguz welaýatlarynyň arasynda kadaly demirýol gatnawy ýok.

"Çärýek asyr welaýatymyz Daşoguz welaýaty bilen otly gatnawsyz galdy. Häzirki wagtda welaýatda polat ýollaryň şahalary ençeme, meselem, Ymamnazara çenli çekildi. Emma iş ýüzünde ençeme etraplar merkez bilen şäherara otly gatnawsyz galýar " diýip, lebaply demirýol wekili sözüni belledi.

Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly, ahally we balkanly ýaşaýjylar hem ençeme ýyl bäri transport kynçylyklaryndan ejir çekýändigini we netijede, ýüz müňlerçe adamyň bir etrapdan başga etraba ýa-da welaýat merkezine baryp-gelmeginiň uly meselä öwrülýändigini bellediler.

"Gür ilatly Mary welaýatynda Aşgabat-Mary-Türkmenabat demir ýolunyň welaýatyň çägindäki stansiýalarynda, meselem, Üçajy, Rawnina, Zähmet, Mollanepesde hiç hili otly saklanyp geçmeýär. Serhetabat-Mary ugrunda hem hiç hili şäherara otlulary goýulman, diňe günde bir gezek gatnaýan Aşgabat-Serhetabat otlusy bar" diýip, maryly çeşme aýtdy.

Balkanly ýaşaýjylar hem hat-da Aşgabada günüň dowamynda bary-ýogy ýekeje otlynyň gatnaşýandygyny belläp, munuň netijesinde ýurduň meýdany boýunça iň uly sebitinde "demir ýol kollapsynyň" ýüze çykandygyny bellediler.

Ahal welaýatynda bolsa indi 15 ýyl töweregi Sarahs-Aşgabat otlusy dikelmeýär we netijede Sarahs etraby dolulygyna üzňelikde galýar diýip, ahally çeşme gürrüň berdi.

Paýtagtly ykdysady bilermeniň Azatlyk bilen anonim şertinde söhbetdeşliginde görä, ilatyň gündelik hereketi, şol sanda işe baryp-gelmegi üçin zerur jemgyýetçilik transportyny ösdürmek sebitleriň ykdysadyýeti üçin möhüm bolup durýar: "Ilatyň elýeterli we ýygy-ýygydan gatnaýan otly, awtobus ýaly şäherara ulag hyzmatlary bilen üpjün edilmegi ilkinji nobatda döwletiň we ilatyň ykdysady işjeňligini, hyzmat ediş pudagynyň kämilleşmegine ýardam berýär".

Türkmenistanda täze gara ýollaryň we demirýollaryň ençemesi guruldy. Döwlet ýol gurluşyna ýatyrlan maliýe serişdeleriniň mukdaryny köpçülige mälim etmeýär, transport ulagymynda, şol sanda jemgyýetçilik transporty ugrunda ýyllarboýy dowam edýän problemalary resmi derejede kommentirlemeýär.

Türkmenistanyň 30 ýyla golaý wagt bäri goňşy döwletler bilen özara otly, awtobus gatnawlary ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Türkmenulaggözegçilik döwlet kärhanasy halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdelerine daşary döwletleriň rugsatnamalaryny Türkmenistanda berip başlar
Türkmenulaggözegçilik döwlet kärhanasy halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdelerine daşary döwletleriň rugsatnamalaryny Türkmenistanda berip başlar
Suw hojalygy meseleleri boýunça Türkmen-özbek bilelikdäki Hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi
Darganatada howa sowady, ilata berilýän gaz peseldi