Awstriýanyň DIM-i Mihael Linhart Merkezi Aziýa saparynyň çäginde Türkmenistana hem sapar edýär diýip ýurdyň DIM-niň internet saýtynda maglumat bar.
9-njy noýabrdaky gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlar we ykdysady hyzmatdaşlyk barada gürrüň ediler.
Linhart bilen birlikde türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletli ykdysady hyzmatdaşlygy maksat edinýän Awstriýaly işewürler hem Türkmenistana sapar edýärler.
Bu sapar barasynda DIM-niň Twitter hasabyndaky maglumatlaryň birinde Awstriýanyň 150 müň doz AstraZeneca sanjymyny Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana iberýändigi habar berilýär.
Mihael Linhartyň Twitter hasabyna laýyklykda, ol 5-nji noýabrda Bişkege sapar edip, prezident Sadyr Japarow bilen duşuşdy we “ÝB-Merkezi Aziýa” ýygnagyna hem gatnaşdy.
Ol bu ýygnagyň dowamynda Gazak prezidentiniň halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Eržan Kazyhan bilen duşuşdy.
Linhart 5-7-nji noýabrda Täjigistana sapar etdi we DIM Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşdy.
Ol 8-nji noýabrda Özbegistana sapar edip, DIM Abdulaziz Kamilow bilen gepleşikler geçirdi.
Linhart Türkmenistana saparynyň dowamynda prezident Berdimuhamedow we DIM Meredow bilen gepleşikler geçirer.
Mundan öň berlen maglumatlara görä, Awstriýa we ÝB-niň beýleki ýurtlary maliýe goldawyny söz berip, Owganystana goňşy döwletleri bosgunlary kabul etmäge yrmaga synanyşýarlar.The post Awstriýanyň DIM-i Türkmenistana sapar edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.