Awstriýada Mosartyň öýi satuwa çykarylýar

Awstriýada Mosartyň öýi satuwa çykarylýar

Nusgawy kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň (17561791) soňky ýaşan öýi Sotheby's söwdalaşyk öýi tarapyndan satuwa çykarylýar. Bu barada New York Post gazetine salgylanýan Izwestiýa habar berdi.

Gürrüň Awstriýanyň Zemmering şäheriniň etegindäki Stuppah taryhy gala barada barýar. 1130-njy ýylda gurlan bu dört gatly binada 50 sany otag bar.

Hut şu mülk ýerinde-de Mosart özüniň Ýas mukamy atly iň ahyrky saz eserini ýazypdyr.

Häzir öý hususy eýelere degişli, ol öň 13,1 million dollar bahalanyp, satuwa çykarylypdyr. Öýi satyn almak üçin ýüztutmalar 1-nji dekabrdan kabul edilip başlanar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Mosartyň öýi satuwa çykarylýar
Germaniýaly aýdymçylar Aşgabatda Roždestwo konsertini berdiler
Türkmen skripkaçysy halkara bäsleşikde baýrakly orna mynasyp boldy
Milli konserwatoriýada baýramçylyk konsertleri boldy
Kirişli saz gurallary orkestrini döredilen güni bilen gutlaýarys!
Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti