Awstriýada klingon dili öwrediler

Awstriýada klingon dili öwrediler

Wenanyň Ýokary halk mekdebinde Star Trek atly amerikan serialyndaky başga planetalaryň taýpalarynyň biriniň aragatnaşyk serişdesi bolan klingon dilini öwredip başlarlar. On sagatlyk okuwlaryň dowamynda okuwçylara bu dilde sözleri dogry aýtmagyň we dürs ýazuwyň esaslary, şeýle hem gündelik ýagdaýlarda bu başga planeta dilinde sözleşmek öwrediler diýip, rg.ru ýazýar.

Sapaklar mugt däl, ol 100 ýewro töweregi bolar. Dersleri guraýjylar bu täsin dili öwrenmäge meýillileriň kän boljakdygyna ynanýarlar, sebäbi klingon dilinden sapaklary ýerli tanymal dilçileriň biri doktor Ernst Buhberger alyp barar.

Awstriýadan beýleki ýurtlarda klingon dili örän meşhurdyr, ony uniwersitetlerde öwredýärler, hatda bu dili öwrenmäge ýöriteleşen institutlar hem hereket edýär. Klingon dili emelidigine garamazdan, onuň söz baýlygy 5 müňe golaý sözden ybaratdyr. Ony serial üçin amerikaly dilçi Mark Okrand döredipdir.

Bu diliň iş ýüzünde uly bir peýdasy-da ýok, ony, esasan, güýmenje üçin öwrenýärler. Mysal üçin, pandemiýa döwründe bu dili öwrenmek üçin Germaniýanyň Saarbrýukkene şäherinde 70 adam isleg bildirdi.

Käbir talyplar klingon diliniň syrlylygynyň özüne çekýändigini aýdýarlar, olara hiç kim düşünip barmaýar, beýleki birlerine bolsa, bu diliň many aňladylmasy ýaraýar. Mysal üçin, söweşjeň klingonlar geçmişde men seni söýýärin diýmegiň ýerine men seni ýigrenýärin diýipdirler.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň TERTIBI
Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi
Ýaponiýada Kliniki Hassahanada Bolan Ýangynda 28 Adam Agyr Ýaralandy
Ýaponiýada Kliniki Hassahanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 19 Adama Ýetdi
Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady
Klinton hassahanadan goýberildi