Entoni Albaneze Awstraliýanyň Parlamentinde geçen saýlawlarda gazanan ýeňşinden soň ýurduň hökümet başlyklygyna saýlandy. Bu barada “RIA Nowosti” habar berdi diýip, “Belta.by” saýty ýazýar.
Awstraliýanyň leýboristler partiýasy federal saýlawlarda ýurduň Mejlisiniň Wekiller Palatasynda ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan sesleriň 76-syndan 72-sini aldy.
Leýboristler partiýasynyň lideri Albaneze ýurduň 31-nji premýer-ministri bolar. Ol 1963-nji ýylda Sidneýde doguldy, syýasatda 26 ýyl bäri işleýär.