Awstraliýanyň suwa düşülýän kenarynda adaty bolmadyk gara şarlar peýda boldy

Awstraliýanyň suwa düşülýän kenarynda adaty bolmadyk gara şarlar peýda boldy

Awstraliýanyň Kuji şäheriniň suwa düşülýän kenarýakasynda sişenbe güni ýüzlerçe gara şarlar peýda boldy. Gelip çykyşy nämälim bolan şarlar sebäpli suwa düşülýän ýer ýapyldy. Bu barada şäheriň Rendwik etrabynyň häkimligi habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

Geň tapyndylar Täze Gündogar Uelsiň daşky gurşawy goramak edarasyna hem-de kenarýaka suwlaryň hiline gözegçilik agentlige öwrenmek üçin iberildi. Hünärmenler şarlaryň gelip çykyşyny we düzümini öwrenerler. Ýagdaý bilen baglylykda, adamlara Kujiniň suwa düşülýän ýerine barmazlyk maslahat berildi.

Çarşenbe güni Rendwik etrabynyň şäher geňeşi kenara suw getiren şarlaryň düzüminiň smolanyňky ýalydygyny habar berdi. Şeýle şarlar adatça, tankerden dökülen nebit zibil we suw bilen galtaşanda emele gelýär diýip, 9News neşiri habar berdi diýip, rg.ru ýazýar.

Rendwik etrabynyň häkimi Dilan Parker kenary şarlardan arassalamak üçin suw düşülýän ýeriň anna gününe çenli ýapyljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Beýl Uelsi ýeňlişden halas etdi
Eýranyň ýygyndysy soňky minutlarda ýeňşini baýram etdi
DÇ-2022: Eýran emin tarapyndan goşulan wagtda 2 gol urup, Uelsi ýeňdi
DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi