Awstraliýanyň iň baý adamy bolan demir-magdan magnaty Endrýu Forrest planetany halas etmek üçin 3 milliard Awstraliýa dollaryny berer. Ol merkezi Kwinslendde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmakçydygyny aýtdy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär diýip, Lenta.ru belleýär.
Forrestiň kompaniýasy Squadron Energy ýel we Gün fermasyny ösdürmek bilen meşgullanýan Clarke Creek taslamasyny satyn aldy. Taslamanyň gurluşygyň başlamagy üçin eýýäm baglaşylan şertnamalary-da bar.
Clarke Wind taslamasynyň birinji tapgyrynyň 2024-nji ýylda, ikinji tapgyrynyň 2026-njy ýylda işe girizilmegine garaşylýar. Taslama 660 müň öýi ýa-da Kwinslendiň öý hojalyklarynyň 40 göterimini energiýa bilen üpjün edip biler.
Şeýle-de, Forrest başlyklyk edýän magdan gazyp alyjy Fortescue Metals Group kompaniýasyny dünýäde iň uly ekologiýa taýdan arassa energiýany öndürijä öwürmegi meýilleşdirýär.